Toni Fergýuson: “Nurmagomedowa gitmäge wagt boldy”

  • 20.04.2020 23:27
  • 14k+

UFC-niň amerikaly ýeňil agramdaky göreşijisi Toni Fergýuson (25-3) UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony russiýaly Habib Nurmagomedow (28-0) karýerasyny tamamlasa gowy bolar diýip pikir edýär, bu barada vringe.com habar berýär.
Ýatladyp geçsek, 18-nji aprele Nurmagomedow bilen Fergýusonyň göreşi meýilleşdirilipdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli guramanyň meýilnamalary birnäçe gezek üýtgedi. Netijede Habib Russiýada galdy, Toniniň garşydaşy hökmünde bolsa Jastin Getjini (21-2) bellediler. Indi olaryň 9-njy maýda UFC-niň “wagtlaýyn” tituly ugrunda göreşmegine garaşylýar.
“Gürrüň UFC-de däl. Meniň pikirimçe, Habibiň özi muňa düşünýändir. Men oňa gitmäge wagt boldumyka diýip hasaplaýaryn, ýöne ol muny etdem. Ol aýaklaryny titredip gaçyp gitdi. Ýöne dünýäde köp zatlar bolup geçýär, şonuň üçin men Habib häzir özüniň maşgalasy bilendir we olaryň ähli zady gowudyr diýip umyt edýärin. Men, hakykatdanam, Habib we onuň maşgalasy howpsuz ýagdaýdadyr diýip umyt edýärin. Haçan-da gürrüň maşgala barada gidende, men hiç haçan hiç kimi kemsitmekçi bolmaýaryn. Men onuň türgenleşmäge mümkinçiliginiň bardygyna ynanasym gelýär” – diýip, Fergýuson belleýär.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......