26-njy aprelde Türkmenistanda welosipedli ýöriş geçiriler

  • 20.04.2020 23:05
  • 5.9k+

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän gününde paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda «2020-nji ýyl — Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda welosipedli ýörişleri hem-de uzak aralyga ylgamak boýunça köpçülikleýin sport çärelerini geçirmeklik meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bellenilip geçildi.
Belläp geçsek, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly XII ylmy maslahatynyň çäklerinde 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň tanyşdyryş dabarasyny guramak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......