Dana Uaýt UFC-niň göreşijilerini guramanyň geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyrdy

  • 19.04.2020 23:31
  • 6.4k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt media metbugat mashalatyny geçirdi, onuň dowamynda guramanyň göreşijilerini gyzyklandyrýan birnäçe möhüm soraglara jogap berdi. Bu barada fighttime.ru habar berýär.
Uly MMA-promouşeniň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilen esasy tezisler şu aşakdakylardan ybarat:
-Göreşijiler özlerini howpsuz ýagdaýda duýmasalar, olar göreşmeli däl;
-Çäräniň geçiriljek ýeri syr bolmagynda galar;
-Uaýt çäreleriň geljekde UFC Apex meýdançasynda geçirilmegini maslahatlaşmak üçin Newada ştatynyň gubernatory Stiw Sisolak bilen duşuşar;
-Ýaryşlar ilkinji nobatda uruşlary ýatyrylan göreşijilere hödürleniler;
-Eger-de göreşijiler ýa-da olaryň maşgalasy koronawirus bilen kesellese, UFC olara goldaw berer;
-Aralyk agramdaky göreşler häzir maslahatlaşylýar, ýöne mümkinçiligi az;
-“Göreşijiler Adasy” hakykat we ol UFC-niň ähli göreşijileri üçin açyk bolar;
-Iýula meýilleşdirilen “Halkara göreşijiler hepdeliginiň” bu ýylda geçirilmezligi ahmal;
-UFC 9-njy maýdan başlap, çäreleri her dynç alyş günleri geçirmegi meýilleşdirýär;
-Medisina işgärleri we hassahanalar her bir çärede elýeterli bolar.
Ýatladyp geçsek, 9-njy maýda UFC turnir geçirmekçi bolýar, bu turniriň esasy wakasy ýeňil agramda Toni Fergýsuon bilen Jastin Getjiniň arasynda wagtlaýyn titul ugrundaky göreş bolar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......