Xiaomi Mi Band 5 fitnes-bilezigi şu ýylda peýda bolar

  • 19.04.2020 09:45
  • 4.1k+

COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Xiaomi Mi Band 5 bilezigi grafik boýunça çykarylar. Bu baradaky maglumat Huami kompaniýasynda belli boldy diýip terrnews.com habar berýär. Bu Xiaomi-niň elde dakmaga ykjam bolan fitnes-bilezikleri we beýleki gajetleri çykarmaklyga ýöriteleşdirilen şahamçasy.
Bir wagtlar Xiaomi kompaniýasynyň Huami-niň işleýşinden närazydygy barada gürrüň ýüze çykdy. Ýöne soň bu maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigi anyklanyldy. Belläp geçsek, Huami Xiaomi kompaniýasynyň sargydy boýunça Xiaomi Mi Band we beýleki gurluşlary öndürýär. Ýöne Huami Xiaomi-niň dolandyrmasy boýunça işlemeýär. Huami-niň ýolbaşçysy Huan Wanyň aýtmagyna görä, bu iki firmanyň arasyndaky gatnaşyk örän berk.
Eger-de insaýderleriň maglumatlaryna salgylansak, täze fitnes-bilezik eýýäm iýun aýynda dükanlarda peýda bolar. Özünden öňki Mi Band 4-den ol birnäçe parametrleri bilen tapawutlanar. Belläp geçsek, geçen ýyl çykarylan Xiaomi Mi Band 4 bilezigi sekiz gün satuwyň içinde bir milliondan gowrak global önümçiligi ýygnamagy başardy.
Sensor displeýiniň göwrümi 1,2 dýuýma çenli artdyrylar. Reňk sazlaşygy hem ýokarlandyrylar, bu bolsa ýiti Gün şöhlelenmesinde-de informasiýa bilen işleşmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, NFC töleglerini galtaşyksyz amala aşyrmak tehnologiýasy hem göz öňünde tutulan.
Häzirki wagtda bu serwis diňe Hytaýda elýeterli.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......