Meizu 17 flagman smartfony 22-nji aprelde hödürleniler

  • 18.04.2020 21:55
  • 4.2k+

Meizu 17 smartfony bilen 22-nji aprelde resmi taýdan tanyşdyrarlar. Bu barada actualnews.org habar berýär. Ýöne bu gurluşyň tehniki mümkinçilikleriniň käbirlerini anyklamak başartdy. Belli bolşy ýaly, hytaý kompaniýasynyň flagman smartfony Snapdragon X55 5G-modemine eýe bolar.
Bu smartfon maglumatlary 2457 Mb/s tizlikde alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär. Gurluş Wi-Fi 6 adapterine eýe bolar. Bu modul 4151 Mb/s hyzmat ediş mümkinçiligi bilen bilelikde aragatnaşyk kanalyny hödürleýär. Prosessor hökmünde Snapdragon 865 çibi ulanylar. Onuň operatiw ýady komplektasiýa baglylykda 8 ýa-da 12 GB bolar. Hemişelik ýadyň göwrümi bolsa 128 ýa-da 256 GB-a barabar bolar.
Apparat sag burçundaky selfişodyň aşagynda bölek ýerleşdirilen displeý bilen üpjün edilen. Ekranyň diagonaly 6,5 dýuým bolar. Korpusyň yzky tarapynda 4 datçikli esasy kamera ýerleşdiriler. Akkumulýator çalt zarýadlama mümkinçilikli 4,5 mA/sag sygymyna eýe bolar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......