Ýylyň başyndan bäri Türkmenistan 2 sany halkara kazyýet dawalarynda ýeňiş gazandy

  • 18.04.2020 14:23
  • 13k+

2020-nji ýylyň başyndan bäri, Maýa goýum dawalaryny kadalaşdyrmak boýunça halkara merkeziň tribunaly daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan berlen iki sany arza boýunça Türkmenistanyň haýryna çözgüt kabul etdi. Bu barada ArzuwNews agentligi «Squire Patton Boggs» (ABŞ) hukuk kompaniýasynyň 15-nji apreldäki pressrelizine salgylanyp habar berýär. «Squire Patton Boggs» kompaniýasy «Lotus Holding» türk we «Unionmatex» nemes kompaniýalaryna garşy kazyýet dawalarynda Türkmenistanyň bähbitlerini gorap çykyş etdi.
6-njy aprelde Maýa goýum dawalaryny kadalaşdyrmak boýunça halkara merkeziň tribunaly «Lotus Holding» türk kompaniýasynyň 80 million ýewro talap edip beren arzasynyň kanuny esasda däldigini tassyklap, arzany kanagatlandyrmady. Şeýle hem «Lotus Holding» kompaniýasy Türkmenistana kazyýet çykdajylary üçin 1 mln dollar möçberde töleg tölemeli edildi.
Mundan öň, arbitraž kazyýet şeýle hem «Unionmatex» kompaniýasynyň beren arzasyny hem Türkmenistanyň haýryna çözdi. 27-nji ýanwarda kabul edilen karara laýyklykda, «Unionmatex» prosessiň dowam edendigi üçin Türkmenistana 3 mln amerikan dollaryny tölemeli edildi.
Iki keýslerde hem Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik eden «Squire Patton Boggs» kompaniýasyna onuň hyzmatdaşlary Miriam Harwud, Ali Gursel we Zeýnep Gunaý Sakarýa ýolbaşçylyk etdi. Assistent hökmünde türkmen watandaşymyz Bahar Çaryýewa we onuň hyzmatdaşy Karlos Guzman çykyş etdi. «Squire Patton Boggs» halkara dawalaryny çözmek boýunça halkara arbitraž hukuk kompaniýalarynyň TOP-30-lygyna girýär.
Häzirki wagtda bu firma bankrota düşen «Sehil Inşaat Endüstri ve Ticaret Ltd. Şti.» we «SECE Inşaat ve Ticaret A.Ş.» türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan berlen kazyýet arzalarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş edýärler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......