Türkmenistan türk kompaniýasyndan 67 mln ýewrolyk kazyýet dawasynda üstün çykdy

  • 14.04.2020 18:10
  • 20k+

Maýa goýum dawalaryny kadalaşdyrmak boýunça halkara merkeziniň tribunalynyň 6-njy aprelde kabul eden çözgüdine laýyklykda, «Lotus Holding» türk kompaniýasynyň 2017-nji ýylda Türkmenistanyň hökümetine garşy açan 67 mln ýewrolyk kazyýet dawasy türkmen tarapynyň peýdasyna kanagatlandyryldy. Bu barada sngtoday saýty «Global Arbitration Review» žurnalyna salgylanyp habar berýär.
Kazyýet dawasy taraplaryň arasynda energetika ulgamynda birnäçe ylalaşyklaryň bozulmagy bilen bagly türk kompaniýasy tarapyndan arz edilip açylypdy. Arzada bellenilişine görä, «Lotus Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň çäginde işler ýerine ýetirilip tamamlanandan soňra, döwlet «bikanun esasda dürli taslamalara eýelik edipdir we degişli töleg geçmändir». Bu ýerde umumy kuwwatlylygy 254 megawatta deň bolan iki sany elektrik bekedine goýlan maýa goýum göz öňünde tutulýar. Şeýle hem arzanyň ýene-de bir punktynda nebiti gaýtadan işleýän toplum bilen şertnamanyň bikanun esasda bozulmagy görkezilýär. Arzada beýan edilişine görä, Türkmenistan tarapyndan bu düzgün bozmalar kompaniýanyň bankrot ýagdaýa düşmegine getiripdir.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň hökümeti görkezilen närazyçylyklaryň hukuk taýdan esassyzlygyny we hökümet tarapyndan edilen ähli hereketleriň türk kompaniýasynyň dahyly bolmadyk şertnamalara esaslanandygyny aýdyp, arzaçy tarapyndan berlen talaplardan boýun gaçyrýandygy hakynda towakganamasyny berdi.
Çözlüşmeleriň netijesinde, kompaniýa tarapyndan anyk delilleriň we resmi kagyzlaryň ýokdugy sebäpli arbitraž kazyýet Türkmenistanyň peýdasyna çözgüt kabul etdi.
«Lotus Holding» kazyýet çykdajylary üçin Türkmenistana 1 million dollar töweregi tölemäge borçly edildi.

düýn 20:17
5.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.5k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......