Apple arzan iPhone SE smartfonlaryny hödürledi

  • 16.04.2020 23:49
  • 8.3k+

Täze iPhone SE smartfonlary koronawirus bilen bagly çökgünlik ýagdaý sebäpli başlangyç baha bilen satylyp başlanar, bu barada Reuters agentligine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berdi.
Mundan öň smartfonlaryň bazarynda kompaniýanyň iň arzan önümi iPhone 8 hasaplanylýardy. iPhone SE smartfonlaryny pes bahadan satmaklyk baradaky pikir has köp satyn alyjylary özüne çekmek maksady bilen kabul edildi. Bu koronawirusyň korporasiýa ýetiren ýitgileriniň öwezini doldurmaly.
Ýöne bu smartfonuň ýetmezçiligi bolar. Ýagny, iPhone SE 5G aragatnaşyk modulyna, şeýle-de irki modelleriň köpüsinde bar bolan, gurluşy blokdan açmak üçin ýüzi anyklaýyş sistemasyna eýe bolmaz. Diňe ony barmaklaryň yzyny skanerleme bilen açmaklyk elýeterli bolar.
SE 4,7 dýuým displeý we iPhone 11 Pro-da oturdylan prosessor bilen üpjün ediler. Täze iPhone smartfonuna simsiz zarýadlanma funksiýasy hem goşular. Mundan başga-da, öndürijileriň aýtmagyna görä, ol öňki modelleriň hemmesi bilen deňeşdirilende has gowy kamera eýe bolar.
Satuwyň göwrümini artdyrmak üçin Apple iPhone SE smartfonlaryny Apple TV+, Apple Music we iCloud serwislerine mugt ýazylmak mümkinçiligi bilen bilelikde satar.
Apple hytaý sarp edijileriň iPhone SE-ni esasy satyn alyjylar bolar diýip göz öňünde tutýar. Häzirki wgtda iPhone-iň satuwy Hytaýda kompaniýanyň tutuş satuwynyň 17%-ine barabar. Korporasiýanyň maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň fewralyndan mart aýy aralygynda olaryň satuwy ýurtda 500 müňden 2,5 million gurluşa çenli artdy.
Täze model 24-nji aprelde satuwa girişer. Ol üç, ýagny gara, ak we gyzyl reňklerde hödürleniler. Wirusa garşy çäreleri berjaý etmek maksady bilen kompaniýa gurluşlary diňe onlaýn arkaly satar. Häzirki wagtda Apple önümleriniň satuwynyň 31%-i onlaýn-hyzmatlar, 69%-i bolsa mobil aragatnaşyklary operatorlarynyň dükanlary arkaly amala aşyrylýar.

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....