Google hususy prosessoryny çykarar

  • 15.04.2020 23:22
  • 3k+

Google hususy prosessorlarynda işleýän smartfonlaryny we noutbuklaryny çykarmakçy bolýar. Bu barada “Axios” neşirine salgylanmak bilen live24.ru habar berýär.
Geljekki çibiň eýýäm 2021-nji ýylda çykmagy mümkin. Insaýderleriň pikiriçe, bu ädim amerikan korporasiýasyna smartfonlary öz çibi bilen ýola goýýan Apple kompaniýasy bilen bäsdeşlik etmäge kömek edip biler. Munuň bilen birlikde Google özüniň ýörgünli dewaýslarynda ulanýan Qualcomm kompaniýasynyň önümlerinden hem ýüz öwürer.
Çeşmäniň habarlaryna salgylansak, geljekki prosessor Whitechapel kodly adyny aldy we ol 5-nanometr tehprosesi boýunça Samsung bilen bilelikde taýýarlanylar. Maglumatlara laýyklykda, prosessorlar 2021-nji ýylda Pixel smartfonunda ulanylar, geljekde Chromebook noutbuklary hem şonuň bilen üpjün ediler. Žurnalistler Google-iň prosessorlary öndüriji-hyzmatdaşlardan doly ýagdaýda ýüz öwürendigi barada aýtmaklyga entek irdigini belleýärler, sebäbi kompaniýa komponentleri taýýarlamakda kynçylyk çekip biler.
Google-iň öz tehnikalary üçin prosessorlary döretmäge ozaldan isleg bildirendigi habar berilýär. Kompaniýa Apple we Intel kompaniýalarynyň ozalky işgärlerini ýygnaýar. Belläp geçsek, amerikan korporasiýasynyň smartfonlarynda Pixel Neural Core we Pixel Visual Core ýaly maglumatlary we maşyn bilimini işläp taýýarlamak üçin çipler eýýäm ulanylýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
446

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......