Bloomberg: Apple smartfonlaryň dizaýnyna üýtgeşme girizmegi meýilleşdirýär

  • 13.04.2020 23:12
  • 4.5k+

Apple korporasiýasy şu ýylyň güýzünde hödürlemegi meýilleşdirýän smartfonlarynyň dizaýnyny üýtgetmekçi bolýar. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen TACC habar berýär.
Agentligiň maglumatlary boýunça, Apple heniz hem özüniň smartfonlarynyň täze modelini güýzde hödürlemekçi bolýar, bolmasa bu smartfonlaryň tanyşdyrylyşy soňky ýyllardaky ýaly sentýabrda däl-de, COVID-19 sebäpli birnäçe hepdeden soň hem geçirilip bilinýär. Keseliň ýaýramagy we şol sebäpli köp ýurtlar tarapyndan izolýasiýa režiminiň girizilmegi bilen gajetlere bolan isleg pese düşdi, önümçilik zynjyry bozuldy.
Muňa garamazdan, Apple ýylyň ahyryna çenli iPhone 11 Pro we iPhone 11 Pro Max smartfonlarynyň “mirasdüşeri” boljak iki sany öňdebaryjy smartfony hem-de az funksiýaly iki sany arzan modeli bazara çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu smartfonlaryň ählisi 5G aragatnaşyk moduly bilen üpjün ediler.
Üýtgeşme has gymmat modelleriň daşky görnüşine degişli bolar: olaryň dizaýny 2018-nji ýylyň iPad Pro planşedini ýada salar. Olaryň ekrany tegelek gyradan mahrum edilip, tekiz görnüşe eýe bolarlar, gajetiň gyralary-da, olaryň burçlary-da tegelek görnüşde bolmaz. Ekranyň ölçegi 6,5 dýuýmdan artdyrylar. Modelleriň ählisi aýratynlygy “hakykata ýakyn” programmalar bilen işlemek üçin täze mümkinçilikden ybarat bolan kämilleşdirilen prosessora eýe bolarlar.
Mundan başga-da, Apple güýzde HomePod kolonkalarynyň hem täze modelini hödürlemegi meýilleşdirýär, olaryň aýratynlygy has ykjam göwrümden ybarat bolar, ýagny ol öňküden iki esse kiçi bolar. Şu ýylda korporasiýa açarlara ýa-da gapjyga olary soňundan smartfonlaryň kömegi bilen tapar ýaly birikdirilýän Apple Tags gurluşlaryny hem bazara çykarmakçy bolýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......