Samsung Galaxy A71 we Galaxy A51 smartfonlaryny hödürledi

  • 12.04.2020 23:24
  • 7.7k+

Samsung günorta koreý kompaniýasy 5G aragatnaşyk standartyna eýe bolan Galaxy A71 we Galaxy A51 smartfonlaryny hödürledi. Gürrüň gurluşlaryň hytaý bazary üçin ýörite niýetlenilen wersiýalary barada gidýär. Bu barada ufatime.ru saýtynda bellenilýär.
Bu apparatlaryň esasy aýratynlygy onda başga prosessoryň ulanylmagyndan ybaratdyr, ýagny Exynos 9611 we Snapdragon 730 prosessorlaryna derek smartfonlar Samsung önümçiliginiň 2,2 gigagers ýygylykly iki ýadroly we 1,8 gigagersli alty ýadroly Exynos 980 firma platformasyna eýe boldy. Bu prosessoryň AnTuTu bençmarkynyň testinde 330 müň bal gazanandygyny belläp geçmek gerek.
Mundan başga-da, Galaxy A51 gurluşy has sygymly, ýagny 4000-e derek 4500 mA/sag sygymly batareýa, şeýle-de baza wersiýasynda 6 gigabaýt operatiw ýada we 128 gigabaýt fleş-ýada eýe boldy. Deňeşdirmek üçin belläp geçsek, Galaxy A51 adaty apparatynda 4 gigabaýt operatiw ýat we 64 gigabaýt içki ýat bar. Galan zatda tapawut ýok: frontal kamera 32 Mp hem-de 48, 12, 5 we 5 Mp-li dört datçikli esasy kamera.
Galaxy A71-de prosessordan başga üýtgeşme bolmady. Onda 6,7 dýuýmly displeý, 6 ýa-da 8 gigabaýt operatiw ýat, informasiýalary saklamak üçin 128 gigabaýt içki ýygnaýjy, 25 watt kuwwatlykly çalt zarýadlama eýe bolan 4500 mA/sag sygymly akkumulýator, 32 Mp frontal kamera we 64, 12, 5 we 5 Mp sensorly esasy kamera bar.
Samsung Ýewropada hem ilki ýapon bazarynda anons edilen Galaxy A41 smartfonuny hödürledi. Ýapon wersiýasyndan bu yzky kamerasynyň daşky görnüşi hem-de suwdan goraglylygyň bolmazlygy bilen tapawutlanýar. Täze smartfon dizaýny boýunça-da Galaxy A71 we Galaxy A51 modelleri bilen meňzeş. Beýleki üpjünçilikler hem üýtgewsiz.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......