Gurbanguly Berdimuhamedow täze media-tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak boýunça görkezmeleri berdi

  • 11.04.2020 22:55
  • 6.8k+

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümlerine täze usullar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu barada wise-premýer B.Abdyýewa ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Dünýä tejribesi nazara alnyp taýýarlanan taslama döwürleýin neşirleriň makalalary, täzelikler we beýleki maglumatlar bilen çalt tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder. Her bir neşiriň aýratyn elektron gaznasynyň bolmagy onlaýn tertibinde okyjylaryň islegine görä, maglumatlaryň sanawynyň iberilmegi, abuna ýazylyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Gurbanguly Berdimuhamedowy täze ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, wise-premýer onuň ornaşdyrylmagy bilen kagyza we beýleki poligrafiýa serişdelerine edilýän çykdajylaryň köp derejede azalmagyny üpjün etjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwürleýin metbugat neşirleriniň elektron görnüşine we internet ulgama geçirilmeginiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýtdy. Onuň baş maksady häzirki zaman standartlarynyň derejesine çykmakdan ybaratdyr.
Sanly ulgamyň bu pudaga girizilmegi diňe bir wagty we metbugat serişdelerini tygşytlamaga däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligini ýurdumyzyň durmuşy, ýeten derejesi bilen tanyşlygyny ýokarlandyrmakda aýratyn wajypdyr. Maglumatlaryň kabul ediji enjamlaryň ähli görnüşlerine elýeterliligi üpjün edilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň yzygiderli öwrenilmeginiň we özleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi, täze media-tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly ähli pudaklaýyn düzümleriň işi kämilleşdirilmelidir.
Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap derejede guramak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......