Oppo kompaniýasy Find X2 flagman smartfonynyň has elýeterli wersiýasyny taýýarlaýar

  • 07.04.2020 21:05
  • 3.5k+

Oppo Find X2 Pro – DxOMark-yň reýtingi boýunça bazarda iň gowy kamerafonlaryň biri. Bu reýtingde apparat diňe Huawei P40 Pro smartfonuna ýol berýär.
Ýaňy-ýakynda Oppo hytaý kompaniýasy Find X2 we Find X2 Pro flagman smartfonlaryny hödürledi. Bar bolan maglumatlara laýyklykda, tiz wagtdan kompaniýa seriýanyň ýene bir gurluşyny, ýagny Find X2 Lite “arzan” flagmany hödürlär. Winfuture.de saýty press-renderleri we bu smartfonuň tehniki häsiýetlerini neşir etdi.
Oppo Find X2 Lite gara we ak reňklerde elýeterli bolar diýip 3dnews saýty habar berýär. Smartfon ekranyň ýokarky bölegindäki 32 Mp frontal kamera üçin damja görnüşli bölek ýere we giň aşaky ramka eýe bolar. Gurluşyň aýnadan edilen yzky panelinde dört obýektiwli esasy kamera ýerleşdiriler. Esasy modul 48 Mp bolar. 8 Mp ýokary derejede giň burçly kamera, makro surata düşürmäni amala aşyrmak üçin 2 Mp sensor we 2 Mp çuňluk datçigi bilen onuň üsti ýetiriler. 
Täze smartfonyň displeýi FHD+ ygtyýarly 6,4 dýuým diagonala eýe bolar. Bu gurluş üçin içki 5G-modemli Qualcomm Snapdragon 765 prosessory ulanylar. Onuň operatiw ýady 8 Gb-a, içki ýygnaýjy apparatyň sygymy 128 Gb-a barabar bolar. Bu telefonuň SIM-karta üçin diňe bir bölek ýere eýe boljakdygy habar berilýär.
Bulardan başga-da, smartfon ekranasty barmaklaryň yzyny skanerleýjä, nauşnik üçin 3,5 mm bölege, NFC-modulyna we Wi-Fi 6-a eýe bolar. Içki batareýiň sygymy 4025 mA/sag bolar. 30 Wt çalt zarýadlanma hem eýe bolmagy mümkin. Find X2 Lite Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işlär. Bu telefonuň agramy 180 g, ýogynlygy 8 mm bolar. 

düýn 21:11
3.1k+

Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy...

15.03.2026 20:30
2.3k+

Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy

«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar...

15.03.2026 15:23
1.7k+

Meta emeli aň sebäpli iş orunlaryny 20%-den gowrak azaltmagy meýilleşdirýär

Meta korporasiýasy emeli aň infrastrukturasyna goýulýan gymmat bahaly maýa goýumlaryň öwezini dolmak we işgärleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, işgärleriniň 20 göterimini ýa-da ondan hem köpüsini işden boşatmagy meýilleşdirýär...

15.03.2026 14:01
6.2k+

1300 dollarlyk Samsung Galaxy S26 Ultra 40 GB-lyk öňünden gurnalan programmalar bilen gelýär

Takmynan 1300 dollardan satylýan Samsung Galaxy S26 Ultra smartfony köp sanly öňünden gurnalan programmalar bilen satuwa çykarylýar. Android Authority neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu programmalar enjamyň ýadyndan jemi 40 GB töweregi ýer tutýar...