Huawei nova 7, nova 7 SE we nova 7 Pro arzan flagmanlary 23-nji aprelde hödürleniler

  • 06.04.2020 23:20
  • 5.8k+

Weibo internet torunda Huawei kompaniýasynyň arzan flagmanlary, ýagny nova 7 arzan lineýkanyň smartfonlary barada maglumatlar peýda boldy. Olaryň premýerasy 23-nji aprelde geçiriler, satuwlar bolsa birnäçe günden soň, 28-nji aprelde başlanar, bu barada iXBT portaly habar berýär. Dogrusy, bu möhletler ýerli bazara degişli, bu smartfonlaryň Hytaýdan daşary bazarlarda haçan peýda boljakdygy bolsa heniz belli däl. 
Bu üç sany täze seriýalar modeliniň dürli platformalarda gurnalmagyna garaşylýar: başlangyç nova 7 SE Kirin 820-e eýe bolar, baza model nova 7 Kirin 985-e eýe bolar, nova 7 Pro flagman modelinde Kirin 990 ulanylar. Platformalaryň hemmesi 5G toruny göterer, has dogrusy, şeýle modem bu smartfonlaryň her biriniň ygtyýarynda bolar. 
Öň Huawei kompaniýasy P40 lineýkasynyň smartfonlarynyň aýratynlygyny belläp geçdi. Huawei-niň soňky flagmanlaryna işläp düzüjiler bedeniň temperaturasyny ölçemegi öwredipdirler. Bu funksiýa uly modelde, ýagny Huawei P40 Pro Plus-da bar. Bu smartfon esasy kameranyň kömegi bilen ulanyjynyň bedeniniň temperaturasyny anyk kesgitläp bilýär. Geljekde Huawei smartfonlarynyň dem alyş ýygylygyny, gan basyşy, ýürek ýygrylmalarynyň ýygylygyny ölçemek boýunça funksiýalara eýe bolmagyna garaşylýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......