Xiaomi iki kameraly we 5G-li özboluşly “akylly” sagatlaryny hödürledi

  • 05.04.2020 12:55
  • 3.9k+

Xiaomi kompaniýasy çagalara niýetlenilen Xiaomi Mi Bunny 4 “akylly” sagadyny anons etdi. Bu barada iXBT portaly habar berýär.
Xiaomi Mi Bunny 4 iki kamera bilen üpjün edilen, olaryň biri ekranyň merkezi ýokarky böleginde ýerleşdirilen, ikinjisi bolsa, birinjä garanda, 90 gradus burçuň astyndan gönükdirilen we korpusyň ýokarky panelinde ýerleşdirilen. Ikisiniň hem surat datçigi 5 Mp barabar, munda frontal kamera wideojaňlar üçin ulanylar, esasy kamera bolsa daş-töweregi has ykjam ýagdaýda surata almak üçin ulanylar.
Xiaomi Mi Bunny 4 1,78 dýuým diagonally AMOLED-ekrany bilen üpjün edilen. Sagatlar ýerleşýän ýeriňi anyk kesgitläp bilýärler, munuň üçin diňe bir sputnikler däl-de, yzarlaýjy intellektual sistema işleýär. Bu gurluş 920 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edilen, ol adaty režimde, takmynan, bir hepde ulanmaga ýetýär.
Xiaomi Mi Bunny 4 4G we 5G torlaryny göterýär, sagatlar ses jaňlaryny amala aşyrmagy we ýerleşýän ýeriňi dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda we sebitinde anyk kesgitlemegi başarýarlar. Ol VoLTE HD hem eýe. Onda oturdylan programmalaryň arasynda iňlis dilini öwredýän interaktiw kömekçini aýratynlandyrmak gerek.
Ýaňy-ýakynda zarýadlamasyz 24 sagat işleýän Xiaomi Mi Air 2S TWS doly derejeli simsiz nauşnikler hem hödürlenildi.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......