AnTuTu: mart aýynyň iň kuwwatly Android smartfonlary

  • 05.04.2020 12:30
  • 4.6k+

AnTuTu bençmarky özüniň şkalasy boýunça smartfonlaryň öndürijiligini ballar bilen kesgitleýär. Şeýle-de her aýda reýting düzülýär, onda Android we iOS-gurluşlary kuwwatlygy boýunça tertipleşdirilýär. Häzir aprel aýy başlady, AnTuTu ilkinji nobatda Hytaýyň bazary üçin ýörgünli bolan iň kuwwatly Android-smartfonlarynyň onlugyny düzmek bilen martyň jemini jemledi. 
Eger-de fewralyň jemleri boýunça top-10-lukda Snapdragon 855+ sistemaly wekiller we Kirin 990 prosessorly (Honor V30 Pro 5G) smartfonlar duşan bolsa, flagmanlaryň mart reýtinginde Snapdragon 865 sistemaly smartfonlar hökümdarlyk edýär, bu barada bençmarka salgylanmak bilen andro-news.com habar berýär.
Ýagny, martyň jemi boýunça birinji orunda Snapdragon 865 sistemaly we 12/256 GB ýatly Oppo Find X2 Pro ýerleşýär. Onuň netijesi 606 389 bala barabar boldy. Ikinji we üçünji orunlarda degişlilikde 598 572 we 590 253 bal ýygnamagy başaran Xiaomi Mi 10 Pro we Oppo Find X2 ýerleşdi. Dördünji orundan onunja çenli orunlary Redmi K30 Pro, iQOO 3, Black Shark 3 Pro, Realme X50 Pro 5G, Vivo NEX 3S 5G, Xiaomi Mi 10 we Black Shark 3 eýeledi.
Ortaça baha segmenti barada aýdylanda, bu ýerde üýtgeşme bolup geçmedi. Liderler hem öňküler: Oppo Reno 3 5G, Vivo X30 5G we Redmi K30 5G. Oppo Reno 3 Pro 5G, Honor 9X Pro, Huawei Nova 6 SE, Honor 9X we Honor 20S smartfonlary hem öňki ýerlerinde galdylar.
Fewral reýtingi bilen deňeşdirilende ýekeje üýtgän zat dokuzynjy orunda Huawei Nova 5 smartfonuny onlukdan çykaran Huawei Nova 5i Pro ýerleşdi. Redmi Note 8 Pro onunjy ornuny saklamagy başardy. Bu reýtingiň üýtgemegine apreliň jemi jemlenende, ýagny smartfonlaryň arasyna Kirin 820-li Honor 30S goşulanda garaşmak bolar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......