Apple AirTag “akylly” bellikleriniň üstünde işleýär

  • 04.04.2020 23:29
  • 4.1k+

Apple AirTags bu Bluetooth belliklerine çalymdaş kiçiräk “dermanlardyr”. Ýagny, bu gurluşlary dürli obýektlere soňundan olary ýeňillik bilen tapar ýaly berkitmek bolýar. Bu barada iXBT portaly habar berýär. Bu obýektler açarlarda, gapjyk, pasport ýa-da islendik zat hem bolup biler, islendik öýde ýatdan çykaraýjak zadyň ýa-da köplenç tapmasy kyn bolan zat hem bolup biler.
AirTags iPhone-da Find My programmasy bilen birikdiriler. Programmanyň üsti bilen islendik gerek zadyňy kynçylyksyz tapmak bolýar ýa-da programma üpjünçiligini ulanyja onuň ol ýa-da beýleki bir zatdan ýeterlik derejede uzaklaşandygyny duýdurar ýaly hem etmek bolýar. Meselem, öýden çykyp gitmek bilen gapjygyňy ýatdan çykardyň.
AirTags-yň işlemegi üçin, çen bilen aýtsak, ýokary derejede giň zolakly aragatnaşyk (UWB) formaty ulanylar. Ýatladyp geçsek, iPhone-iň aktual lineýkasynda häzirki wagtda ulanylmaýan U1 kabul ediji-iberijisi bar. Hut şu hem AirTags-yň işine jogap berer.
Eger-de kimdir biri siziň AirTag datçikli zadyňyzy tapsa, onda ol şolbada aragatnaşyk informasiýasyna seredip, siziň bilen aragatnaşyk açyp biler, siz bolsa datçigiňiziň haýsy-da bolsa bir ulanyjydadygy baradaky habary alarsyňyz. 
AirTags bellikleri ýakyn wagtda Apple-iň iPhone 9-yndan başlap, beýleki täze önümleri bilen bir hatarda hödürleniler diýlip hasaplanylýar. Analitikleriň maglumatlary boýunça, onuň önümçiligi şu ýylyň ikinji ýarymynda başlar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......