Xioami kompaniýanyň 10-ýyllygy mynasybetli festiwalda 22 sany täze önümini hödürlär

  • 03.04.2020 09:14
  • 6.6k+

Discover24.ru saýtynyň maglumatlary boýunça, Xiaomi kompaniýasy 3-nji aprelde kompaniýanyň 10-ýyllygyna bagyşlanylyp “Mi Fan Festival 2020” çäresiniň geçiriljekdigini habar berdi. 
Mälim edilen maglumatlara laýyklykda, birbada 22 sany täze önümi hödürlemek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu önümleriň nähili önümler boljakdygy barada hiç hili informasiýa ýok. Ähli jikme-jiklikler diňe çäräniň özünde belli bolar. Bu çärede, esasan, “akylly” öý üçin gurluşlar görkeziler diýlip çaklanylýar, sebäbi soňky ýyllarda kompaniýa bu ugra uly üns berýär we ony işjeň ösdürýär.
Belläp geçsek, geçen ýyl hem Xiaomi şular ýaly “Mi Fan Festival 2019” çäresini geçirdi. Şonda kompaniýa 20 sany täze gurluşlary hödürledi, olaryň arasynda simsiz tozan sorujylar, elektron ölçeýjiler, nahar taýýarlamaklyga niýetlenilen aşhana enjamlary, noutbuk ýaly gurluşlar hem bardy. Käbir gurluşlar arzanladyşa hem eýe boldular.
Ýatladyp geçsek, ýaňy-ýakynda hem Xiaomi kompaniýasy ýewropa bazary üçin sekiz sany täze önümini hödürledi. Olaryň arasynda Xiaomi Mi 10, Mi 10 Pro we Mi 10 Lite 5G smartfonlary we Mi AirDots Pro2-niň global wersiýasy hasaplanylýan Mi True Wireless Earphones täze TWS nauşnikleri hem bar. Bu nauşnikler Bluetooth 5.0 boýunça işlärler we Hi-Res audio eýe bolarlar. Mundan başga-da, Mi 3H howa arassalaýjysy, 65 dýuýmly Mi TV 4S telewizory görkezildi. Kompaniýa HDR 10+ we Dolby Audio eýe bolan, 4K paneli bilen üpjün edilen, 16 GB fleş-ýatly we 2 GB operatiw ýatly, Android 9 Pie sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän telewizorlaryň üpjünçiligini iýun aýynda ýola goýup başlar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......