Iň gowy kameraly smartfonlaryň reýtinginiň lideri atlandyryldy

  • 02.04.2020 19:13
  • 7k+

Dünýäde iň gowy kameraly smartfonlaryň reýtingini Huawei esaslandyrdy. Gürrüň DxOMark labaratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan testden geçirilen Huawei P40 Pro barada gidýär.
Smartfon heniz satuwa çykyp ýetişmändigine garamazdan, reýtingiň lideri bolmagy başardy. Frontal kamerasynyň testinde Huawei P40 Pro fotonyň hili üçin 140 bal, wideonyň hili üçin bolsa 105 bal aldy, umumy netije 128 bala deň boldy. Bu smartfona iň gowy selfifonlaryň reýtingini hem esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Mundan soňky orunlar 124 baldan gazanmagy başaran Xiaomi Mi 10 Pro we Oppo Find X2 Pro smartfonlaryna degişli boldy.
Maglumatlaryň awtorlary Huawei P40 Pro smartfonunyň Face Beautification funksiýasynyň öçürilip testden geçirilendigini belleýärler. Selfi-kameranyň esasy aýratynlygy ekspozisiýany, reňki, galmagaly we ýalpyldyny öz içine alýar, Huawei P40 Pro bu kategoriýalaryň ählisinde-de öňki iň gowy gurluşlara garanda has ýokary netijäni berýär.
Bu wideo hem degişli: Huawei-niň täze frontal kamerasy öz klasynda hem jaýyň içinde, hem daşynda iň gowy netijeleri görkezýär.
Öň “Profil” žurnaly pandemiýa döwründe iň meşhur smartfonlar barada hem habar berdi. Geçirilen derňewlere laýyklykda, Samsung-yň wekilleri ýeňiş gazandy. “Kümüş” bilen “bürünji” Apple we Huawei kompaniýalary aldylar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......