Huawei täze smart-telewizorlary taýýarlaýar

  • 31.03.2020 23:37
  • 2.2k+

Huawei täze”akylly” Huawei Vision Smart TV telewizorynyň bahym çykmagy barada gürrüň berýän tizerini neşir etdi, bu barada ixbt.com portaly habar berýär. Ol süýşürilýän kamera we ýokary ygtyýarly displeýa eýe bolar.
Geçen ýyl Huawei 75 we 65 dýuým diagonally ilkinji Vision Smart TV telewizoryny hödürledi. Telewizorlar 4K ygtyýarly we suraty täzeleme ýygylygy 120 Gs bolan ekrana eýe boldular. Olaryň esasynda bolsa HongMeng OS (HarmonyOS) firma operasion sistemasy durýar.
Huawei Vision Smart TV telewizorlary Huawei P40 we Huawei P40 Pro flagman smartfonlarynyň hytaý bazary üçin işe girizilýän gününde, ýagny 8-nji aprelde görkezilmeli. Häzirlikçe täze telewizora degişli başga  informasiýa ýok. 

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......