Redmi K30 Pro ilkinji gününde rekord goýdy

  • 30.03.2020 14:02
  • 11k+

27-nji martda Hytaýyň territoriýasynda Redmi K30 Pro we Redmi K30 Pro Zoome Edition flagman smartfonlarynyň satuwy işe girişdi. 30 sekundyň içinde gurluşlaryň ähli toplumy satyldy, girdeji bolsa 14 million dollara barabar boldy. Bu barada Redmi kompaniýasynyň özi habar berýär.
Ilkinji toplumdaky Redmi K30 Pro we Redmi K30 Pro Zoom Edition smartfonlarynyň anyk sany habar berlenok, ýöne girdejilerden ugur alanymyzda, olaryň sany, takmynan, 29 000-e ýetýär.
Ufatime.ru saýtynyň ýazmagyna görä, Redmi K30 Pro häzirki wagtda Snapdragon 865 prosessorynyň binýadynda gurnalan iň arzan smartfon hasaplanylýar. Gajetiň binýatlyk wersiýasy 6 Gigabaýt operatiw ýat we 128 Gigabaýt fleş-ýat bilen üpjün edilen. Smartfonuň diňe şu wersiýasy LPDDR4X operatiw ýada eýe boldy, K30 Pro we K30 Pro Zoom Edition wersiýalary bolsa LPDDR5 operatiw ýady, şeýle-de UFS 3.1 fleş-ýady bilen üpjün edildi.
Ýatladyp geçsek, bu smartfonlar bäşinji nesliň toruna, esasy kwadrokamera we öňe çykarylýan selfi-kamera eýedirler.
Bu smartfonuň dünýä bazaryna çykmagyna garaşmak hökman däl, çünki koronawirus pandemiýasynyň fonunda köp öndürijiler smartfonlaryny çykarmak işlerini soňa goýýarlar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......