Google Chrome brauzeriniň möhüm funksiýasyndan ýüz öwürýär

  • 28.03.2020 22:48
  • 3.3k+

2008-nji ýylda Chrome brauzeriniň birinji wersiýasynyň çykan gününden bäri we häzirki wagtda Google müşderi programma üpjünçiligini identifikasiýalamanyň meşhur User Agent mehanizmini ulanýar. Ol brauzeriň wersiýasyny gözegçilikde saklamak we saýtlarda elýeterli bolan aýratyn funksiýalary ýakmak ýa-da öçürmek üçin gerek. Kompaniýanyň täze bildirişi ýakyn wagtda Google-iň şeýle algoritmden ýüz öwürjekdigini görkezýär, bu barada srnsk.ru habar berýär.
Google-iň User Agent hyzmatyndan ýüz öwürmeklik baradaky çözgüdi kompaniýanyň ulanyjylara web saýtlar tarapyndan hödürlenilýän informasiýalara ýokary gözegçiligi döretmek islegi bilen bagly. User Agent arkaly gözleg programmasy beýleki brauzerler tarapyndan öz serwislerine elýeterliligi çäklendirýär. Kompaniýa şeýle algoritmi Chrome 85 wersiýasyna we ondan ýokarky wersiýalara giriziljek täze API-niň (Application programming interface) ulanylyşy bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Chrome v81-den başlap, Google bu tehnologiýadan ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürer.
User Agent brauzeriň wersiýasynyň ady we belgisi ýerleşýän ýörite ýazgyny ulanýar. Saýt açylan wagtynda ol operasion sistema we sistemanyň dili barada informasiýa kabul edýär. Öň gurnalan mazmun taýdan gabat gelmezlik ýüze çykan wagtynda brauzerleriň we kompýuterleriň belli bir bölegine elýeterlilik gadagan edilýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......