Duzuň çendenaşa kabul edilmegi immunitete negatiw täsir edip biler

  • 28.03.2020 22:44
  • 4.1k+

Duzly naharyň köp iýilmegi organizmiň immun sistemasynyň dürli bakterial infeksiýa bilen göreşmek ukybyny peseldip, onuň işine negatiw täsir edip bilýär. Nemes alymlary şeýle netijä geldiler. Makala “Science Translation Medicine” žurnalynda neşir edildi, diýip nauka.tass.ru habar berýär.
Öň geçirilen barlaglar duzuň çendenaşa kabul edilmeginiň hem ýürek-damar keselleriniň ýokary derejeli howpy bilen, hem syçanlaryň akyl taýdan ukybynyň peselmegi bilen baglydygyny görkezdi. Bonn uniwersitetiniň professorynyň ýolbaşçylygynda nemes alymlary ýokary derejeli duzly berhiziň organizmiň bakterial infeksiýalary kabul edijiligine, esasanam, böwrek bakterial infeksiýasynyň giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan pielonefrita nähili täsir edýändigini barlamak kararyna geldiler. Ony “Escherichia coli” içege taýajygy ýüze çykarýar.
Barlagyň birinji tapgyryny alymlar syçanlarda geçirdiler we olaryň bir bölegini ýokary derejeli duzly iýmit bilen naharladylar. Bu bolsa haýwanlaryň pielonefridiň öňünde ejiz gelmegine getirdi. Mundan soňky ekspertleri alymlar adamlarda geçirdiler, olar 20-den 50 ýaş aralygyndaky 10 sany sagdyn erkeklere we aýallara her gün goşmaça 6g duzy tabletka görnüşinde olaryň adaty rasionyna goşup berdiler.
Hepdäniň ahyrynda alymlar barlaga gatnaşyjylaryň gan nusgalaryny aldylar. Hünärmenler esasy ünsi immun öýjükleriniň bir görnüşi bolan organizmi bakteriýalardan goraýan granulositlere gönükdirdiler. Analiziň netijeleri ýokary derejeli duzly berhizi saklan adamlarda granulositleriň öz funksiýasyny ýaramaz ýerine ýetirýändigini görkezdi. Bu bolsa öz gezeginde organizmiň dürli bakterial infeksiýalara garşy durujylyk ukybyny peseltdi.
Alymlaryň bellemegine görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat bermegi boýunça, duzuň kabul edilmeginiň normasy günde bäş grama barabar.

10.03.2026 19:18
7.3k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.8k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2.1k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...