Huawei kompaniýasy P40 flagman lineýkasynyň smartfonlaryny hödürledi

  • 28.03.2020 22:35
  • 3.3k+

Huawei hytaý kompaniýasy täze koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşyklylykda internetde geçirilen konferensiýada özüniň P40 smartfonlarynyň seriýasyny işe girizdi, bu barada Sinhua agentligine salgylanmak bilen Regnum habar berýär.
Ýagny, kompaniýanyň hususy önümi bolan Huawei Mobile Services (HMS) Apps içki ekosistemaly P40, P40 Pro, P40 Pro+ flagman smartfonlary hödürlenildi. Çäklendirme bilen baglylykda Huawei gurluşy Google serwisi bilen üpjün edilip bilnenok, şonuň üçin kompaniýa özüniň hususy serwisini taýýarlamak ýoluny saýlady, bu barada Huaweiň sarp edijiler biznesiniň baş müdiri Ýuý Çendun habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa Google bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge umyt bildirýär, ýöne başga bir tarapdan öz hususy alternatiwiňe eýe bolmak gowy, häzirki wagtda kompaniýanyň hususy sistemasynda tutuş dünýä boýunça öndürijileriň arasynda 1,3 mln-dan gowrak müşderileri bar we olaryň sany geljekde has hem artar, diýip ol sözüniň üstüne goşýar.
P40 Pro+ uly modeli 2640x1200 pikselli we täzeleme ýygylygy 90 Gs bolan 6,58 dýuýmly OLED displeýine, dört modully esasy kamera (50, 40, 8 we 8 Mp), ToF datçikli 32 Mp-li iki bölekden ybarat bolan selfi-kamera we 40 Wt kuwwatlykly simli we simsiz ýokary tizlikli zarýadlamany göterýän 4200 mA/sag sygymly batareýa eýe boldy.
Huawei P40 2340x1080 pikselli 6,1 dýuýmly OLED-ekrany, 50, 16 we 8 Mp-li üç bölekden ybarat yzky kamera we simsiz zarýadlamany götermeýän 3800 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edilen. P40 we P40 Pro smartfonlary 8 Gb operatiw hem-de 128 we 256 Gb fleş-ýada hem eýe boldular.
Ýuý P40 smartfonunyň dört kamera, P40 Pro we P40 Pro+ smartfonlarynyň bäş kamera eýe bolandygyny hem belleýär. Ähli smartfonlar Kirin 990 5G çipi bilen üpjün edilen.

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....