Lukmanlar derini ýaşardýan önümleri atlandyrdylar

  • 27.03.2020 09:55
  • 7.6k+

Lukmanlar derini ýaşartmak bilen garrama garşy göreşýän önümleriň bardygyny tassyklaýarlar. 
Iň birinji we esasy önüm gök önümler we ir-iýmişler bolup durýar. Açyk, reňkli ir-iýmişler deri öýjüklerine zyýan ýetmesiniň öňüni almaga ýardam edýän antioksidantlara baý. Gök önümler hem şeýle alamata eýe. Meselem, brokkol düzüminde Günüň uzak wagtlaýyn täsirinden derini gorap bilýän C, A witaminlerini we sinki saklaýar, bu barada cursorinfo.co.il habar beýär. 
Ikinji möhüm önüm balyk hasaplanylýar. Losos, tunes, gorbuşa, takgaz balygy deriniň sowuklama effektini peseltmäge kömek edýän omega-3 elementlerine baý. Balygy hepdede iki gezek kabul etmek ýeterlik. Bu derini zerur we peýdaly bolan ýaglar we mikroelementler bilen üpjün etmäge ýetýär.
Üçünji esasy önüm – gök çaý. Gök çaý hem gara çaý ýaly Camellia sinensis ýapraklaryndan taýýarlanylýar. Olaryň arasyndaky ýeke-täk tapawut gara çaýyň ýapraklarynyň ýörite usul arkaly okislendirilmeginden ybarat, şeýle edilende gara çaý özüniň peýdaly elementlerini we antioksidantlary ýitirýär. Gök çaý özüniň ähli peýdaly alamatlaryny tebigy görnüşde saklaýar. 
Dördünji – kefir. Bu içgi probiotik hasaplanylýar, onuň içilmegi içegäniň işiniň optimizirlenmegine we sagdyn mikrofloranyň saklanmagyna ýardam edýär. Kefir içilende organizmde peýdaly bakteriýalaryň sany durnuklaşýar. 
Bäşinji – suw. Suwuň zerurlygyny we peýdasyny bahalandyrmak kyn. Ol diňe bir ýaşarmagyň serişdesi bolman, eýsem, ýaşaýyş üçin iňňän zerurdyr. Şonuň üçin organizmiň suw bilen üpjünçilik derejesini saklamak möhüm. Haçan-da siziň organizmiňize suw ýetmezçilik eden halatynda, siziň deriňiz gurak bolýar we ol maýyşgaklygyny ýitirýär. Bu deride jaýryklaryň ýüze çykmagyna, döwülmelere we mikroşikeslere getirýär. Deriniň maýyşgaklygyny saklamak üçin hemişe suwly çüýşäni el ýüzde saklaň we organizmiň suwsuzlanmagyna ýol bermäň.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....