Huawei P40 we Huawei P40 Pro-nyň ekranlary nämesi bilen tapawutlanýar

  • 21.03.2020 23:17
  • 4.2k+

Günorta koreý çeşmeleri indiki hepdede hödürleniljek Huawei P40 we Huawei P40 Pro flagman smartfonlarynyň ekranlarynyň näme bilen tapawutlanýandygyny aýtdylar. Has elýeterli bolan P40 model tekiz OLED-paneline eýe bolar, şol bir wagtda Huawei P40 Pro dört tarapyndan hem egreldilen OLED-ekrany bilen üpjün ediler, bu barada ixbt.com habar berýär.
Huawei P40 smartony üçin ekranlary öndüriji bolup köpçülikleýin önümçiligi ýola goýan BOE kompaniýasy çykyş edýär. Huawei P40 Pro barada aýdylanda, şeýle panelleri Samsung Display we LG Display öndürer. BOE kompaniýasy munuň bilen birlikde Huawei P40 Pro üçin hem egreldilen ekranlary öndürmek boýunça şertnama baglaşmak isleýär.
Şeýle-de, BOE hytaý öndürijisiniň şu ýylyň aprelinde hödürleniljek Nova 7 Pro 5G smartfony üçin hem içki daktiloskopik datçikli egreldilen OLED ekranyny öndüriji bolup çykyş etmelidigi barada maglumat peýda boldy. Huawei Nova 7 5G we Nova 7 Pro 5G smartfonlary 40 watt zarýadka eýe bolarlar.
Huawei P40 we Huawei P40 Pro barada aýdylanda, smartfonlar bir kristally Kirin 990 5G SOC sistemasyna, simli we simsiz çalt zarýadlanma, şeýle-de flagman kamerasyna eýe bolarlar. Elbetde, bu ilkinji nobatda smartfonyň DxOMark-yň täze reýtingini esaslandyrjak uly wersiýasyna degişlidir.
Resmi anons 26-njy martda geçiriler.

şu gün 01:16
223

ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi....

düýn 23:48
243

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

düýn 16:26
982

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

düýn 13:59
1.9k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......