Apple ýene bir arzan iPhone-y çykarar

  • 21.03.2020 19:24
  • 8.3k+

“iPhone SE mirasdüşeri” bilen birwagtda Apple kompaniýasy ýene bir uly göwrümli arzan apparatyny anons eder. Ony resmi däl ýagdaýda iPhone 9 Plus diýip atlandyrýarlar. Gajet iPhone SE 2 modellerine derek gelmeli. Bu iPhone SE 2 ýa-da iPhone 9 bolmagy ahmal diýip, rg.ru saýty habar berýär.
Täze smartfonuň dörediljekdigine we çykarylmagynyň mümkinligine yşaratlar relizi güýzde geçiriljek iOS 14 kodunda ýüze çykaryldy, bu barada “9to5Mac” neşiri ýazýar. Iki sany täze apparat özleriçe 4,7 we 5,5 dýuým ekranly iPhone 8 we iPhone 8 Plus-yň ýerini çalşyrar.
Smartfonlar täze iPhone 11 we 11 Pro smartfonlaryndaky ýaly öňdebaryjy Apple A13 Bionic prosessoryna eýe bolar. Smartfonyň iki modelinde-de Face ID-e derek barmaklaryň yzyny skanerleýji Touch ID datçigi bolar, şeýle-de harytlary Apple Pay-iň kömegi bilen tölemek mümkinçiligi bolar.
Belgileri NFC skanerlemesine, Apple Pay-e we Express Transit ulag kartalaryna eýe bolmagy könelen iPhone 6 we 7 smartfonlarynyň eýesini özüne çekmeli diýip 9to5Mac hasaplaýar.
Modelleriň ady heniz tassyklanylmadyk, şol sebäpli olar çykarylýança atlarynyň hem üýtgedilmegi ahmal. Täze smartfonlaryň relizi şu ýylyň ýazyna meýilleşdirilen.
Insaýderleriň maglumatlary boýunça, smartfon alty reňkde hödürleniler. Satyn alyjylar gurluşy gara, ak, gyzyl, gülgüne, gök ýa-da sary reňklerde saýlap bilerler. Mundan başga-da, internetde smartfonuň yzky panelini görkezýän täze renderler peýda boldy.

düýn 20:32
952

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
479

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....