«Fortune» häzirki zamanyň iň ägirt taslamalaryny aýtdy

  • 18.03.2020 23:44
  • 4.8k+

Fortune neşiri häzirki zamanyň Iň ägirt taslamalarynyň 100-ligini neşir etdi. Oňa adamzat durmuşyny has gowy tarapa öwüren we ony ýeňilleşdiren gurluşlar girizildi.
Reýtingde iPhone birinji orny eýeledi, çünki ol “adamzat jemgyýetini özgertdi” we biziň durmuşymyzyň ähli bölegine diýen ýaly täsir etdi. Ikinji orunda 1984-nji ýylda çykan Macintosh ýerleşdi. Ol personal komýuterlere bolan çemeleşmäni düýpgöter üýtgetdi. Macintosh ilkinji personal kompýuter we ilkinji ulanyjy grafiki interfeýsi bolmandy, ýöne ol bu ideýalaryň ählisini bir ýere jemlän ilkinji gutarnykly önüm boldy. Ol dili we göreji, tekst ýygymyny we surat çekmäni ulanmak bilen düşünip we özara hereket edip bolýan kompýuter boldy. Bu bolsa biziň kompýutere bolan garaýşymyzy üýtgetdi. Üçünji orna Google gözleg sistemasy mynasyp boldy.
Apple kompaniýasynyň başga-da alty sany önümi hem bu sanawa girizildi. 2001-nji ýylyň iPod-y 10-njy orny eýeledi, bu ýapyk sistema arkaly kategoriýany üýtgetdi we saz senagatyny öňe iterdi. 2006-njy ýylyň MacBook Pro-sy 14-nji orunda ýerleşdi, App Store 22-nji orunda, iOS 29-njy orunda ýerleşdi, Apple Watch bolsa 46-njy orny eýeledi, Apple Play 64-nji orunda galdy.
Fortune öz wagtynda saz senagatyny üýtgeden Walkman pleýerlerini hem ýatdan çykarmady. Bu reýtingde Walkman pleýerleri 5-nji orny eýeledi. Mundan başga-da, reýtingde Netflix hem bar. DVD prokaty boýunça kompaniýa gepleşik akymyny kinoda we telewideniýede täze derejä çykardy. Reýtingde kompaniýa 8-nji orun. Google kartasy hem sanawda agzalyp geçilýär, ol 11-nji orunda ornaşdy. Doly sanaw bilen çeşmäniň saýtynda tanyşmak bolýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......