Realme özüniň ilkinji “akylly” sagatlaryny çykarmaga taýýarlanýar

  • 17.03.2020 21:37
  • 1.8k+

Ýaňy-ýakynda Xiaomi kompaniýasy özüniň ilkinji Mi Watch “akylly” sagatlary bilen tanyşdyrdy, onuň yzysüre bolsa bu kompaniýanyň esasy bäsdeşiniň bu meselede öz kararyny taýýarlaýandygy barada gürrüňler ýüze çykyp başlady. Gürrüň Oppo kompaniýasyna degişli bolan Realme brendi we onuň heniz at almadyk ilkinji smart-sagatlary barada gidýär. Ýöne kompaniýanyň özüniň fitnes-trekerini Realme Band diýip atlandyrandygyny göz öňünde tutsak, onda bu täze önümiň hem Realme Watch diýip atlandyrylmagy mümkin. 
Belläp geçsek, bu dewaýs Singapurda IMDA şahadatnamasyndan geçdi. Biraz öňräk bolsa, sagatlar Hindistanda şahadatnamadan geçdi. Bu barada UfaTime.ru neşiri ýazýar.
Bularyň ählisi tiz wagtdan bu gurluşyň bazarda peýda boljakdygyny aňladýar. Ýöne, gynansak-da, bu täzelik barada hiç hili anyk maglumatlar ýok.
Ýatladyp geçsek, Realme-niň “akylly” sagatlary kompaniýanyň Realme 6 Pro-synyň tanyşdyrylyşynyň başlamagyndan öň resmi rolikde “şöhlelendirildi”. Oňa laýyklykda, bu gurluş mehaniki sport sagatlaryny ýada salýan tegelek form-faktora we dizaýna eýe bolar. Syn berijileriň aýtmagyna görä, bu täze sagat Watch Mi bilen diňe bir özüniň tehniki häsiýetleri bilen däl-de, özüniň gymmaty bilen hem bäsdeşlik eder, çünki Realme hilini peseltmezden özüni elýeterli brend diýip tanatdy. 

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......