2021-nji ýylda MacBook täze dizaýnda çykar

  • 16.03.2020 21:57
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy özüniň makbuklarynyň dizaýnyny düýpgöter täzelemäge taýýarlanýar. Üýtgeşmä sezewar bolan şeýle noutbuklaryň ilkinjisi eýýäm indiki ýylda çykar. Bu barada “MacRumors” neşirine salgylanmak bilen wylsa.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Apple bu täzelenmäni makbuklaryň ähli lineýkalary üçin taýýarlaýar. Ilkinji bolup kiçi MacBook Pro we MacBook Air çykar. Olaryň klawiaturalary täze/köne gaýçy görnüşli klawiatura üýtgediler, şeýle klawiatura MacBook Pro 16 hem eýe boldy. Demriň we çarçuwanyň ölçeginiň hem täzelenmegi ahmal, Pro 16-nyň yzyndan olar hem kiçeldiler.
Analitikleriň pikiriçe, martyň ahyryna çenli makbuklaryň önümçiligi ýuwaş-ýuwaşdan norma gelip başlar, koronawirusyň ýüze çykan ýeri bolan Uhanda karantin boýunça çäreler peselýär. Mümkin, martyň ahyryna çenli Hytaý kadaly ýagdaýa gelip başlar.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, ýylyň ahyryna çenli Apple “kebelegi” aýryp, olary ykjam “gaýçy” bilen çalşyrar.
Ýöne iň gowy täzelik bize 2020-nji ýylyň ahyrynda – 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda garaşýar. Ýagny, bize iki sany täze önüm hödürleniler.
Birinji – Apple-iň hususy prosessoryndaky MacBook. Ol ARM-arhitekturasy esasynda gurlan. Bu energiýanyň az sarp edilmegine getirer. Ýöne munda programmalar bilen bagly kynçylyklar bolar. Adaty Mac-daky programmalar işlemezler. Kompaniýa eýýäm bu geçiş üçin programmalary taýýarlamaga başlady. Umuman aýdanyňda, täze makbuk çykýança köp zatlar üýtgediler. Onuň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda çykmagyna garaşylýar.
Ikinji täze önüm – MacBook düýbünden täze dizaýnda. Ol 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykar, ýöne onuň nähili model boljakdygy heniz belli däl.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......