Ýüzärligiň tüssesi birnäçe ýokanç keseliň öňüni almaga ukyply - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 14.03.2020 23:03
  • 12k+

Bejerijilik häsiýetli ýüzärlik adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde belläp geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işinde hem bu ösümlige aýratyn orun berlendir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bolan bu ösümlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ýüzärligiň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary hakynda giňden beýan edilýär. Ata-babalarymyz ýüzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.
Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.
Şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eserinde burç ösümliginiň peýdasy hakynda hem giňden beýan edilýär.
Bu eserde burçuň halk lukmançylygynda örän köp keselleri bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Ylmy lukmançylykda hem bu ösümlik giňden ulanylýar.
Mundan başga-da, halk arasynda dümewlän adama burçlanan unaşyň peýdalydygy baradaky pugta düşünje bar. Bu tagamyň sowuklamanyň öňüni alýandygyny durmuş tejribeleri subut etdi.
Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler diýip, döwlet Baştutany belledi we häzirki döwürde bu ösümligi tütetmek arkaly ýagşy dessurlaryň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Paýhasly ata-babalarymyz ähmiýetli dessurlara başlanda, täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende ýüzärlik tütetmek ýörelgesini pugta dessura öwrüpdir. Ýüzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar.
Dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesi subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkymyzyň ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýer P.Agamyradowa we ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.

10.03.2026 19:18
7.3k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.8k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2.1k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...