Canyon suw geçirmeýän “akylly” Marzipan sagatlaryny çykardy

  • 14.03.2020 19:15
  • 3.5k+

Canyon kompaniýasy täze üç reňkli wariantda ýerine ýetirilen Marzipan “akylly” aýal sagatlaryny çykardy, bu sagatlaryň gaýyşlaryny çalşyrmak bolýar we olar tozandan hem-de suwdan goraglydyr (IP68).
Bu gurluşy döredijiler onuň batareýiniň zarýadynyň 20 güne çenli işlemäge ýetýändigini tassyklaýarlar. CNS-SW75 modelini gündelik durmuş üçin hem, şeýle-de sport bilen meşgullanaňda hem ulanmak bolýar. Sagatlar diagonaly 1,22 dýuým bolan sensor ekranlary bilen üpjün edilen. Sagatlar kamerany dolandyrmagy ýeňilleşdirýärler, möhüm duýduryşlary gözden sypdyrmazlyga mümkinçilik berýärler we fiziki işjeňlik bilen meşgullanmaga sebäp döredýärler.
Marzipan sagatlary ýürek ýygrylmalarynyň ýygylygyna gije-gündizki gözegçiligi üpjün edýän, ýörite programmada saklanýan optiki datçikler bilen üpjün edilen. Ýene-de bir peýdaly funksiýany belläp geçmek gerek, ýagny bu minimal fiziki agramyň kömegi bilen işden biraz ünsüňi sowmagy ýatladýan funksiýadyr. Sagatlar gündeki işjeňligi gözegçilikde saklamaga, kaloriýanyň sarp edilişini we kabul edilişini hasaplamaga we saglygy görkeziji statistikany ýygnamaga mümkinçilik berýär.
“Köp aýallar marsipany gowy görýärler, çünki bu süýjülik üýtgeşik tagamy we peýdaly düzümi özünde jemleýär. Şu desertiň şanyna biz aýallar üçin döredilen sagady şeýle atlandyrmaly diýen karara geldik. Bu aksessuar aýallar üçin owadan smart-gajetleriň stilinde ýerine ýetirilen. Onuň formasy minimal görnüşde, berk alýumin korpusyny elläp göreniňde bolsa onuň ýakymlylygyny duýmak bolýar. Biziň sagatlarymyz islendik çäre üçin islendik egin-eşik bilen we islendik keýpde-de dakynmak üçin uniwersal gajet bolar”.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......