Huawei P40 smartfonunyň ekranynda ilkinji gezek üç bölekli kamera ulanylar

  • 12.03.2020 21:47
  • 4.1k+

Internetde Huawei P40 flagman smartfonlarynyň lineýkasynyň ekranyň kiçijik ramkalaryna baha bermäge mümkinçilik berýän, şeýle-de gurluşyň frontal kamerasynyň nähili boljakdygyny görkezýän resmi mahabat posteri neşir edildi.
Bu smartfon barada öň bellenilip geçilen zatlaryň ählisi tassyklanyldy: Huawei P40 lineýkasynda üç sany surat datçiginden ybarat bolan frontal kamerasy ekranda ýerleşdirilen, azyndan, bir smartfon bolar. Bu bazarda ilkinji şeýle smartfon.
Smartfonuň 52 Mp-li esasy surat datçigi 1/1,3 dýuým optiki formata eýe. Periskopik kamera 10 krat optiki zumy üpjün eder. Huawei P40-yň bir kristally Kirin sistemasyna, 12 Gb çenli operatiw we 512 GB fleş-ýada eýe bolmagyna garaşylýar. Huawei P40 we Huawei P40 Pro degişlilikde 22,5 we 40 Wt kuwwatlykly zarýad gurluşy bilen üpjün ediler.
Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyşy 26-njy martda geçiriler.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......