Xiaomi mahabat üçin smartfonunyň kamerasyny äleme goýberdi

  • 11.03.2020 22:21
  • 5.2k+

Xiaomi kompaniýasy Ýer orbitasyna özüniň täze Mi 10 Pro smartfonunyň kamerasy bilen ýörite hemra goýberdi. Bu barada kompaniýa özüniň Twitter akkauntynda habar berdi.
Şeýle etmek bilen kompaniýa özüniň flagmanynyň nähili ýagdaýda takyk surata alyp bilýändigini görkezmek bilen onuň kamerasyny mahabatlandyrmak kararyna geldi.
Adindex.ru saýtynyň habar bermegine görä, hemranyň goýberilişi 2019-njy ýylda bolup geçdi. Apparat birnäçe aýyň dowamynda Ýeriň töwereginden uçdy we 108-megapikselli kameranyň kömegi bilen onuň üstüni surata aldy. Bu biziň planetamyzyň kosmosdan smartfon üçin niýetlenilen kamera bilen edilen ilkinji suratlary, diýip kompaniýa belleýär.
Şeýle optikany (hemradaky ýaly) täze Mi 10 Pro smartfonlaryna hem oturdarlar. Bu model satuwa 27-nji martda çykar. Onuň esasy aýratynlygy ýokary takyklyk bilen surata almaga ukyply, sekiz linzaly we optiki stabilleşdirilen 108 megapikselli kameradan ybarat. Gajet Qualcomm Snapdragon 865 prosessory, 512 Gb göwrümli içki ýat bilen üpjün edilen. Operatiw ýat 12 Gb. Smartfon batareýanyň çalt zarýadlanmasyny hem göterýär, ol ýeterlik derejede sygymly akkumulýatora we 2340x1080 ygtyýarly AMOLED ekranyna eýe. Model Android 10-yň esasynda işleýär we 5G toruny tutýar.
Bu kameranyň kömegi bilen kosmosdan edilen suratlar, hakykatdan-da, özüniň ýokary aýdyňlygy bilen tapawutlanýar.
Xiaomi 2020-nji ýylda onuň gurluşlaryny satyn alyjylaryň sanynyň tutuş dünýä boýunça 100 mln-a ýetmegine garaşýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......