Vivo 6G aragatnaşyk ulgamynda barlaglara başlaýar

  • 11.03.2020 22:11
  • 2.9k+

Smartfonlary öndüriji iri kompaniýalaryň biri bolan Vivo hytaý kompaniýasy 6G - altynjy nesliň mobil aragatnaşygynyň tehnologiýalar pudagynda barlaglara başlaýar.
Aslyýetinde häzirki wagtda 5G ulgamynyň söwda bazary ýola goýlup başlanýar. Teoretiki taýdan bäşinji nesliň mobil torlary geçirijilik ukybyny 20 Gbit/sek-a çenli üpjün edip biler, ýöne häzirlikçe bu tizlige ýetmek başardanok.
Şonuň bilen birlikde köp ylmy guramalar we öňdebaryjy telekommunikasion kompaniýalar eýýäm 6G pudagynda derňewlere başladylar. Degişli başlangyçlar barada Vivo-nyň aragatnaşyk pudagynda derňew institutynyň ýolbaşçysy Sin Feý gürrüň berdi.
Ýagny, Vivo-nyň 6G gurşawynda işgärleri derňew işlerini we öndüriji işleri alyp barjak ýörite toparyň döredilendigi aýdyldy. Bu topar hytaý we daşary ýurt uniwersitetleri bilen bilelikde iş alyp barar.
Çaklamalara görä, 6G torlary maglumatlary 1 Tbit/sek-a çenli tizlik bilen ibermäge mümkinçilik berer, bu bolsa ýokary hilli täze serwisleriň ýüze çykmagyna getirer. Ýöne häzirlikçe onuň nähili ulanyljakdygy düşnüksiz, sebäbi häzir hatda 4K-da filmleri 4G bilen internetden alyp görmek bolýar, onuň soňunyň nähili boljakdygy bolsa belli däl. Dogrusy, altynjy nesliň ilkinji aragatnaşyk sistemasynyň işe girizilmegi 2030-njy ýyldan ir bolup geçmez.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......