Hytaýda maskada ýüzi anyklaýan ulgam işlenilip düzüldi

  • 10.03.2020 21:43
  • 6.9k+

Hytaýda ýüzi tanamak wezipesini ýerine ýetirýän elektron gözegçiligiň birnäçe öňdebaryjy sistemalary peýdalanylýar, ýöne olar adamyň ýüzi örtülgi bolmadyk ýagdaýynda, ýagny adaty şertlerde ýokary derejede işleýärler. Hanwang Technology Ltd hytaý kompaniýasy lukmançylyk maskalarynda adamlaryň ýüzüni anyklamaga ukyply bolan ýüz ulgamlaryny hödürledi. Bu barada Reuters habarlar agentligine salgylanmak bilen vestikavkaza.ru habar berýär.
Hanwang Technology kompaniýasynyň (kompaniýa Hanvon ady bilen hem belli) wise-prezidenti Huan Leý ýüzi anyklaýjy sistemanyň kompaniýa tarapyndan eýýäm 10 ýyl bäri işlenilýän tehnologiýanyň binýadynda esaslandyrylandygyny gürrüň berdi. Kompaniýa tehnologiýany döretmek üçin, takmynan, 6 mln açyk ýüzüň maglumatlar bazasyny we maskaly ýüzleriň bazasyny peýdalandy. Goşmaça barlaglardan soň hünärmenlere medisina maskalary bilen ýapylan ýüzi tanamagyň ýokary takyklyk derejesine ýetmek başartdy.
Kompaniýada bu sistemanyň medisina maskaly ýüzi 95% töweregi takyklyk bilen tanaýandygy bellenildi. Bu, elbetde, açyk ýüzleri tanamagyň takyklyk derejesinden pes (99,5% töweregi), ýöne muňa garamazdan, ol ýokary görkeziji hasaplanylýar.
Kompaniýanyň esasy sargyt edijileriniň biri HHR-iň jemgyýetçilik howpsuzlyk Ministrligi bolup durýar. Täze sistema jenaýatkärlikde aýyplanýan adamlary olaryň medisina maskalaryny ulanandyklaryna garamazdan ýüze çykarmaga kömek eder. Bu mesele hytaýlylaryň koronawirus zerarly maska dakýan wagtlarynda has hem möhüm.
Bu ulgam söwda taýdan eýýäm elýeterli. Ol iki wariantda hödürlenilýär: bina girilende gözegçilik üçin ulanylýan birkanally we birwagtda birnäçe kameralar bilen işleýän köp kanally. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ikinji wariant her sekuntda, takmynan, 30 adamy tanap bilýär.
Kompaniýanyň wise-prezidenti Huan Leý Pekinde polisiýa işgärleri bilen birlikde, kompaniýanyň 200 töweregi müşderileriniň eýýäm bu tehnologiýany ulanýandyklaryny habar berdi we ýakyn wagtda bu tehnologiýanyň 20 welaýatda peýdalanyljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......