Huawei ABŞ-nyň çäklendirmeleri zerarly smartfonlaryň satuwynyň pese düşmegine garaşýar

  • 10.03.2020 00:37
  • 3.3k+

ABŞ-nyň hökümetiniň 2019-njy ýylyň maýynda Huawei-ni gara sanawa girizmek baradaky çözgüdinden soň, hytaý kompaniýasy munuň kompaniýanyň maliýe görkezijilerine hiç hili täsir etmejekdigi barada ýeke gezek bellemedi, muňa garamazdan hemme zat bulaşýar.
“The Information” çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Google we beýleki amerikan firmalary bilen hyzmatdaşlygyny gadagan etme bilen baglylykda, Huawei şu ýylda smartfonlaryň satuwy 20% pese düşer diýip çaklaýar. 2019-njy ýylda kompaniýa 240 mln-dan gowrak satylan telefonlar barada hasabat berenden soň, indi ol “jemi” 190-dan 200 mln-a çenli smartfony çykarmakçy bolýar.
ABŞ tarapyndan girizilen gadagan etmäniň täsiri telefonlaryň bir modeliniň beýleki bilen çalşyrylmagynyň adaty ýyllyk döwri bilen peseldilen bolmagy ahmal. Kompaniýa P30 Pro we beýleki Google hyzmaty oturdylan smartfonlary hem hödürläp bilerdi, ýöne olar hem mydama has täze modeller bilen çalşyrylýar.
Esasanam, 26-njy martda Google programmasy bolmadyk P40 Pro smartfonlarynyň anonsy geçiriler. Bu bolsa köp ulanyjylaryň mobil gurluşlarynda Google programmasynyň bolmagyna garaşýan ýeri bolan Ýewropada we beýleki sebitlerde smartfonlaryň satuwyna ep-esli täsir eder.
Eger-de bu çaklama hakykata öwrülse, bu ABŞ-nyň öz maksatlarynyň birine ýetendigini aňladar, ýagny Huawei-niň satuw ösüşi çäklendiriler. Huawei-niň Hytaýda we beýleki ýurtlarda häzir hem ýokary satuwynyň bardygyna garamazdan, oňa geljekde Apple we Samsung kompaniýalary bilen bäsdeşlik etmek kyn bolar.
Ýatladyp geçsek, sanksiýa garamazdan Huawei 2019-njy ýylda tutuş dünýä boýunça smartfonlaryň satuwy bilen amerikan kompaniýasy Apple-dan öňe geçip, koreý kompaniýasy Samsung-dan bolsa yza galyp, ikinji orna çykdy. Samsung smartfonlaryň bazarynyň 20,3%-ni, Huawei 17%-ni, Apple bolsa 14%-ni eýeledi. Eger-de 5G ulgamly smartfonlaryň bazaryna aýratynlykda seretsek, onda 2019-njy ýylda liderlik 37% gazanan Huawei degişli. Ikinji orunda 36%-li Samsung ýerleşdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......