Apple Watch sagatlaryna täze funksiýa giriziler

  • 09.03.2020 22:58
  • 4.4k+

Apple ýylyň ahyryna çenli Apple Watch smart-sagatlaryna azyndan iki funksiýany girizer. Netijede smart-sagatlar ulanyjylaryň saglygynda döräp biljek howplary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.
iOS 14 kodunyň fragmentlerini derňän 9to5Mac çeşmesiniň maglumatlary boýunça, Apple Watch-yň geljekki wersiýalary diňe bir ýürek ritminde anomaliýanyň ýüze çykmasy barada duýdurman, eýsem, ganyň düzüminde kislorodyň derejesini hem kesgitläp biler.
Ganyň düzüminde kislorodyň 95-100% bolmagy kadaly dereje hasaplanylýar. Bu görkezijiniň 80-e we ondan pese düşmegi saglyk meselesine şaýatlyk edýär we ýüregiň hem-de beýniniň işiniň bozulmagyna getirýär. Kislorodyň derejesiniň hemişe gözegçilikde bolmagy hökmanydyr.
Neşire salgylanmak bilen 3dnews.ru portalynyň habar bermegine görä, geljekki iOS-yň koduna laýyklykda, Apple Watch ganyň düzüminde kislorodyň derejesini yzygiderli ölçäp biler we bellenilen derejeden pese düşen ýagdaýynda duýduryş iberip biler. Ýöne bu funksiýanyň sagatlaryň diňe täze modellerinde bolmagy ahmal, sebäbi onuň işi üçin goşmaça datçikler gerek bolup durýar. Ýöne ganyň kislorod bilen üpjünligini sagatlaryň eýýäm çykarylan modellerinde ýürek ritminiň datçiginiň kömegi bilenem teoretik taýdan ölçemek bolar.
Pulsoksimetr (ganyň düzümindäki kislorody ölçemeklige niýetlenilen enjamlar şeýle atlandyrylýar) funksiýasyny Apple kompaniýasynyň birnäçe bäsdeşleri, meselem, geçen ýyl Google-y satyn alan Fitbit kompaniýasy hödürleýär. Şeýle-de, Apple-iň EKG funksiýasynyň anyklygyny ýokarlandyrmagyň üstünde işleýändigi habar berilýär.
Apple-iň öz smart-sagatlaryna girizjek ýene bir täze mümkinçiligi – ukynyň dowamlylyk we hil trekingi.

şu gün 10:02
145

Apple Music-iň abunaçylary aýdymy dolulygyna göni TikTok-da diňläp bilerler

Apple Music-iň abunaçylary täze «Play Full Song» we «Listening Party» funksiýalarynyň kömegi bilen aýdymlary göni TikTok goşundysynyň içinde dolulygy bilen diňläp bilerler. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär...

düýn 21:11
3.4k+

Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy...

15.03.2026 20:30
2.3k+

Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy

«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar...

15.03.2026 15:23
1.7k+

Meta emeli aň sebäpli iş orunlaryny 20%-den gowrak azaltmagy meýilleşdirýär

Meta korporasiýasy emeli aň infrastrukturasyna goýulýan gymmat bahaly maýa goýumlaryň öwezini dolmak we işgärleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, işgärleriniň 20 göterimini ýa-da ondan hem köpüsini işden boşatmagy meýilleşdirýär...