Huawei Mate Xs satuwa çykarylýar

  • 09.03.2020 22:00
  • 3.6k+

Huawei kompaniýasy geçen hepdede hödürlenilen Huawei Mate Xs eplenilýän smartfonlarynyň satuwyna başlady, bu barada ixbt.com web-saýty habar berýär.
Onuň satuwynyň ilkinji gününiň dowamynda 100 000-den gowrak adam Huawei Mate Xs üçin deslapky sargytlary resmileşdirdiler, düýn bu gurluşy almak isleýänleriň nobaty 1 million adama çenli artdy. Hytaýda bu smartfon 8 GB operatiw ýat we 512 GB fleş-ýat wersiýasynda 2415 dollar baha bilen hödürlenilýär.
Ýatladyp geçsek, Huawei Mate Xs smartfonyny döredende öndüriji şarnir birikmesiniň gurluşyny “laçynyň ganaty” diýip atlandyrmak bilen üýtgetdi, şeýle-de ekranyň durulygyny ýokarlandyrdy. Huawei Mate Xs-iň eplenilýän ekranyny aerokosmik häsiýetli polimidden edilen iki gatly maýyşgak plýonka goraýar. Huawei şular ýaly iki plýonkany suratyň hiline zyýan ýetirmeýän optiki ýelimiň kömegi bilen ýelmeşdirýär. Gyzykly ýeri, bu iki gatly gorag plýonkasynyň bahasy altynyň bahasyndan 3 esse ýokary. Şonuň bilen birlikde plýonkanyň iki gatynyň berkligi bir gata garanda, 80 % ýokary.
Ýazylan görnüşde ekranyň diagonaly 2480x2200 pikselli 8 dýuýma barabar. Eplenilen ýagdaýda öňki we yzky ekran degişlilikde 6,6 we 6,38 dýuýmly diagonala eýe bolýar.
Esasy kamerada 40 Mp-li esasy surat datçigi we üç modul oturdylan. Akkumulýatoryň sygymy 4500 mA/sag. Akkumulýator 55 Wt kuwwatlykly çalt zarýadlama eýe.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......