Britan kompaniýasy dünýäde iň kuwwatly elektromotory döretdi

  • 09.03.2020 21:37
  • 2.6k+

Equipmake britan kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäde iň kuwwatly diýip hasap edýän elektromotoryny işläp düzdüler. Bu barada letnews.ru habar berýär.
Taslamanyň üstünde Bristolyň Hieta firmasynyň (Beýik Britaniýa) hünärmenleri hem zähmet çekdiler. Motoryň agramy 10 kg-dan geçmeýär, şonuň bilen birlikde hereketlendiriji 295 at güýjündäki kuwwatlylygy bermäge ukyply. Mysal hökmünde alsak, Jaguar I-Pace elektrokarynyň iki sany 40 kg-ly hereketlendirijisiniň kuwwatlylygy 197 at güýjünden geçmeýär.
Işläp düzüjiler motoryň agramyny onuň gurluşyndaky metalyň minimal düzüminiň kömegi bilen azaldyp bildiler. Hereketlendirijiniň korpusy 3D-printerinde döredilen. Onuň peýdaly täsiriniň ýokary ýylylyk koeffisiýenti gyzma howpuny döretmezden, motora çalt aýlanmaga kömek edýär.
Bu täze önümiň ýene bir artykmaçlygy onuň Innovate UK hökümet programmasy boýunça maliýeleşdirme hasaby bilen gazanylan gymmatynyň ep-esli peseldilmeginden ybarat.
Equipmake kompaniýasynyň döreden täze önüminiň ulanylyşa girizilmegi ýakyn 12 aýyň içinde başlanar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......