Microsoft “janly plitkasyz” Windows 10-y görkezdi

  • 07.03.2020 15:23
  • 2.6k+

Dizaýndaky bu aýratynlyk Windows Phone döwründen bäri hereket edýärdi.
“Janly plitkalar” Windows 10-yň “Pusk” menýusyna “sekizlikden” geçirildi, onda “janly plitkalar” interfeýsiň esasy bölegi bolup hyzmat edýärdiler. Olar, meselem, “Howa” programmasynyň adaty belgisine derek geljek hepdede boljak howa barada maglumatlary animasiýa bilen birlikde görkezýär, üstesine-de bularyň ählisi kiçiräk penjirede.
Soňky görkezilişinde Windows 10-y işläp düzüjiler sistemanyň täze deslapky ýygyndysyndaky täzelikler barada gürrüň berdiler, bu barada “The Verge” web-saýty habar berýär. Olar “Pusk” menýusyny programma belgileri Fluent Design stilinde täzelenen görnüşde görkezdiler, ýöne esasy detal – bu menýuda “janly plitkalar” ýok, olar “hereketsiz” belgiler bilen çalşyryldy.
Işläp düzüjiler “janly plitkalaryň” heniz sistemanyň bir bölegi bolup galýandygyny bellediler. Ýöne olaryň mundan beýläk nähili boljakdygy belli däl. Belki “Pusk” menýusynyň indiki täzelenmesinde işläp düzüjiler diňe “hereketsiz” belgileri görkezerler, ulanyjylar bolsa islän wagtlary olary “hereketli” plitkalar bilen çalşyryp bilerler. Şeýle-de, indi ähli plitkalar sistema bilen bir reňke boýalan, öň olar dürli reňkdediler.
Microsoft eýýäm Windows 10X sistemasynda iki ekranly kompýuterler ýa-da maýyşgak displeýler üçin niýetlenilen “janly plitkalardan” doly derejede ýüz öwürdi. Onda interfeýs örän sada we ol smartfonlaryň interfeýsini ýada salýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......