ZTE Nubia Red Magic 5G iň kuwwatly smartfon boldy

  • 06.03.2020 23:10
  • 3k+

Snapdragon 865 prosessorly Nubia oýun flagmany AnTuTu bençmarkynda öndürijiligi boýunça täze rekord goýdy.
ZTE kompaniýasy özüniň bölünip aýrylan Nubia brendi bilen displeýi täzeleme ýygylygy 144 Gs-li ilkinji smartfon boljak täze oýun flagmanyny hödürlemäge taýýarlanýar. Aslynda, ony ýatyrylan MWC 2020 sergisinde tanyşdyrmalydylar, şonuň üçin onuň tanyşdyrylyşy näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Şonuň bilen birlikde smartfon gaýybana iň kuwwatly bolmaga ýetişdi.
Internetde AnTuTu bençmarkynda Nubia Red Magic 5G –niň testden geçirmegiň esasynda gazanan netijeleri peýda boldy, ol tas 634 müň bal ýygnady, bu barada Gizmochina habar berýär. Onuň bu baly öň rekord goýan Xiaomi Black Shark 3 smartfonyndan 14 müň bal ýokary.
Ähli döwrebap flagmanlar Snapdragon 865 prosessory bilen çykarylar, şonuň üçin umumy öndürijiligi artdyrmak üçin olara başga ugurlardan hem ösmek gerek, ýagny tizligini we ýadyň göwrümini artdyrmak, sowadyjy sistemany kämilleşdirmek we programma üpjünçiliginiň optimizasiýasy bilen işleşmek gerek. Ähtimal, täze nesliň LPDDR5 16 Gb operatiw ýatly Nubia Red Magic 5G wersiýasy hem şu netijelere eýe bolandyr, bu diňe bir iň çalt ýat bolman, eýsem, smartfonlar üçin rekord goýujy göwrümdir. Mundan öň diňe 12 Gb operatiw ýatly smartfonlar bardy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......