Žurnalistlerde Huawei P40-yň prototipi peýda boldy

  • 06.03.2020 05:53
  • 4.7k+

Martyň ahyrlarynda Huawei täze P40 we P40 Pro flagman lineýkalary bilen tanyşdyrar, internetde eýýäm onuň suratlary peýda boldy.
“DigitalTrends” neşiriniň işgärleriniň eline Huawei P40 flagmanynyň prototipi düşdi. Onda hiç zat işlänok, hatda korpusda Huawei brendiniň deregine “Polarie” diýip ýazylgy, ýöne bu prototipiň üsti bilen tanyşdyryljak täze smartfonlaryň detallarynyň köpüsini bilmek bolýar.
Huawei täze flagmanyň gabarasyny has süýri formada edipdir, şonuň üçin ol öňki şeýle ölçegdäki P30-a garanda, eliňde-de ykjam durýar. Öňündäki aýnasy yzky ramka tarap birsydyrgyn aýlanýar, žurnalist muny bitewi gurluş hökmünde şekillendirýär.
Nädogry basylmalardan gaçmak, ýöne şol bir wagtda “çarçuwasyz” effekti saklamak üçin, P40 flagmanynyň displeýi P30 ýaly egri bolmaz. Şeýle-de, smartfon özünden öňküsine garanda biraz ýogyn bolupdyr, muny göz öňünde tutup onuň akkumulýatorynyň sygymynyň we özbaşdak işleýiş derejesiniň ýokary boljakdygyna garaşmak bolýar.
Bu prototipde bäş sany esasy kamerany görmek bolýar. Aýdyşlaryna görä, P40 flagmanynda dürli meseleler üçin kameralary saýlama mümkinçiligi bolar: esasy modul 64 Mp eýe bolar (Sony IMX686 moduly), ikinji kamera 20 Mp-li giň burçly bolar, üçünji kamera – 10 esse optiki zumly we 12 Mp sensorly telefoto bolar. Makro-surata düşürilmeler üçin aýratyn modul we ToF-datçik hem peýda bolar.
Huawei P40 lineýkasynyň tanyşdyrylyşy 26-njy martda geçiriler, kompaniýa bu çäräni eýýäm resmi taýdan anons etdi. Flagmanyň arzan wersiýasy bolan P40 Lite uly modelleriň anonsyndan bir aý öň hödürlendi.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......