Ýagtylygyň tizligine ýetmegiň usuly belli edildi

  • 05.03.2020 18:05
  • 5.9k+

Bu meselede alymlara kuwwatly daşky energiýa çeşmeleri ýardam berer.
Garward uniwersitetiniň alymlary ýyldyzara gämilerde ýagtylyk tizliginiň derejesine ýetmegiň täze ýoluny mälim etdiler. Olar munuň üçin ýokary şöhlelendirmeli ýyldyzlardan gelýän energiýany ulanmalydygyny aýdýarlar. Bu barada “Science Alert” neşiri habar berdi.
Älem gämileri ýyldyzlardan elektromagnit energiýasyny alyp galýan Gün ýa-da magnit ýelkeniniň kömegi bilen partlama energiýasyny ulanyp bilerler, bu bolsa ýangyç talap etmeýän çekiş we dartyş güýjüni döredýär. Ýene-de bir mümkinçilik şeýle gämileriň tizligini artdyrmak üçin gönükdirilen lazer şöhlesini ulanmakdan we şeýlelikde ýokary tizlige ýetmekden ybaratdyr.
Astrofizikleriň aýtmagyna görä, bir inedördül metrde ýarym grammdan gowrak agramy bolan ýelkenli arş gämisini ýokary şöhlelendirmede partlajak bolup duran ýyldyzdan million kilometr aradaşlykda ýerleşdirilse relýatiwistik tizlige, ýagny ýagtylyk tizligine ýetip bolar. Güýçli şöhlelendirmeli ýyldyzda öndürilýän energiýa we ýagtylyk milliardlarça Günüň bir aýyň dowamynda öndürýän möçberine barabardyr. Gün şemaly Gün ýelkenininiň tizligini bir ýagtylyk tizligine çenli, ýokary şöhlelenmeli ýyldyz bolsa 10 sany ýagtylyk tizligine çenli güýçlendirip biler. Alymlar şeýle-de gerekli matematiki modelleri işläp düzmek bilen ýelkeniň beýleki astrofiziki obýektleriň: toplum ýyldyzlaryň, mikrokwazarlaryň, plerionlaryň (duman bilen gurşalan pulsarlar) we işjeň älem ýadrolaryň kömegi bilen tizlendirilişini hem bahalandyrdylar.
Intensiw şöhlelendirmäniň kömegi bilen ýagtylyk tizligine golaý tizlenmä hem ýetip bolardy, emma munda birnäçe meseleler ýüze çykýar. Meselem, toplum ýyldyzlar ýelken üçin howply bolan sürtülme güýjüni döredýän gaz akymlaryny emele getirýärler. Ýelkenleriň özi hem ýokary derejeli şöhlelendiriji eplenýän materiallardan edilmeli. Gaty bölejikler bilen çaknyşmanyň öňüni almak üçin onuň traýektoriýasyny öňünden oýlanyşykly kesgitläp taýyn etmeli. Emma alymlar nazary taýdan bu problemalary çözüp boljakdygyny nygtaýarlar.

şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......