2020-nji ýylyň fewral aýynyň iň gowy smartfonlarynyň onlugy düzüldi

  • 05.03.2020 13:29
  • 7.7k+

Master Lu bençmarky üstümizdäki ýylyň fewral aýynyň smartfonlarynyň reýtingini düzdi. Reýtingiň birinji setirinde Samsung Galaxy S20 Ultra gurluşy ýerleşdi.
Galaxy seriýasy birbada birnäçe lider orunlaryny eýeledi. Bençmarkyň hünärmenleri öndürijiligi boýunça, takmynan, 481 müň bala eýe bolan Galaxy S20 Plus we Galaxy S20 smartfonlaryny hem aýratynlandyrdylar. Liderleriň bäşligine Realme X50 bilen Pro wersiýada Xiaomi Mi 10 hem girdi. Hünärmenler hytaý smartfonlarynyň aýratynlygy hökmünde olaryň prosessorlarynyň iň gowy kombinasiýasyny we operatiw ýadynyň göwrümini belläp geçdiler.
Reýtingiň altynjy ornuny häzirlikçe diňe Aziýanyň bazarynda elýeterli bolan Vivo iQOO 3 5G smartfony eýeledi. Ýedinji orunda 12 gigabaýt operatiw ýat bilen öndürilýän ZTE Axon 10s Pro ýerleşdi.
Sekizinji orun bençmarkda 467 müň bal gazanan Xiaomi Mi 10 flagmanyna degişli boldy. Hünärmenler özboluşly form-faktory üçin Galaxy Z Flip smartfonuny hem tapawutlandyrdylar. Reýtingiň onlugyny 425 bal gazanmak bilen Huawei Mate Xs jemleýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......