Xiaomi smartfonlar üçin dünýäde iň çalt simsiz zarýad berijisi bilen tanyşdyrdy

  • 04.03.2020 11:34
  • 3.9k+

Xiaomi hytaý kompaniýasy kuwwatlylygy 40 Wt bolan iň çalt simsiz zarýad beriji gurluşyny çykarar. Bu gurluşyň kömegi bilen bir sagadyň içinde Xiaomi Mi 10 Pro smartfonuny sygymly akkumulýator bilen zarýadlandyrmak bolar.
Xiaomi kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, 40 Wt kuwwatlykly çalt zarýad beriji simsiz gurluşyň binýadynda olaryň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen özboluşly tehnologiýa durýar. Bu gurluşyň esasy aýratynlygy onuň işleýiş tizliginden ybarat. Ýagny, 4000 mA/sag sygymly akkumulýatory ulanyjy mobil apparatyny ýa-da zarýad beriji gurluşy gyzdyrmazdan, 40 minudyň içinde doly zarýadlandyryp biler. 20 minudyň içinde bolsa bu gurluş smartfony 57%-e çenli zarýadlandyryp biler.
Şonuň bilen birlikde gajetiň işleýiş tizligi onuň kuwwatlylygy bilen hiç hili bagly däl. Xiaomi kompaniýasy 40 Wt kuwwatlykly çalt simsiz zarýad beriji gurluşy 60 Wt-ly Vivo zarýadkasy bilen deňeşdirip, olaryň tizliginiň meňzeş bolmalydygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, birnäçe testler hem geçirildi, onuň netijesinde kuwwatlylygy pes bolan zarýad beriji gurluşlaryň işleýiş tizliginiň gowy zarýadkalara garanda ýokarydygy anyklanyldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......