Xiaomi Mi 10 Pro bilen iPhone 11 Pro Max-y işleýiş tizligi boýunça deňeşdirdiler

  • 02.03.2020 16:15
  • 9.4k+

You-Tube blogerleri Xiaomi Mi 10 Pro we iPhone 11 Pro Max flagman smartfonlaryny tizligi boýunça deňeşdirip gördüler.
Testden geçirilmede iki gajetde hem meňzeş programmalar we oýunlar gezekleşdirilip işe girizildi. Soňra programmalar ýapyldy we gaýtadan açyldy. Programmalaryň ýüklenilişi bilen bir hatarda, blogerler smartfonlaryň beýleki funksiýalarynyň hem işleýiş tizligini deňeşdirip gördüler. Ýeňiş üçin gurluşlara bir bal berilýärdi.
Mi 10 Pro we iPhone 11 Pro Max smartfonlary ýakylanda, birinji bary-ýogy 16 sekundyň içinde işledi, “almaly” gajet üçin 25 sekunt gerek boldy. Ýöne iş stolyndaky belgiler iPhone-da çalt ýüze çykdy, Xiaomi bolsa şeýle wagtda heniz oboý görkezýärdi.
Şeýle-de, Xiaomi flagmanynda ýüzi anyklaýyş funksiýasy hem çalt işleýär. Muňa garamazdan, Apple smartfony surata çalt düşürýär we ony galereýada hem çalt açýar. Programmalar iki gajetde hem birmeňzeş tizlikde işläp başlaýarlar.
Ýygnan ballarynyň sany boýunça Xiaomi Mi 10 Pro 23 bal ýygnamak bilen üstün çykdy. iPhone 11 Pro Max bolsa 18 bal gazandy.
Ýöne iPhone 11 Pro Max smartfony wideonyň renderingi boýunça testde Xiaomi Mi 10 Pro-dan üstün çykdy. Birinji smartfon bu ýumuşdan bary-ýogy 13 sekuntda baş alyp çykdy, ikinji smartfona 80 sekunt töweregi gerek boldy.
Şeýle-de, blogerler iPhone 6s we iPhone 11 Pro Max smartfonlarynyň arasynda hem deňeşdirme geçirdiler. Smartfonlaryň ikisinde hem meňzeş programmalar işe girizildi we işleýiş tizligini bellige almak üçin anyk operasiýalar ýerine ýetirildi.
Netijede, iPhone 6s sanawdaky ähli programmalary 2 minut 46 sekundyň içinde işe girizdi, munuň üçin iPhone 11 Pro Max smartfonuna bary-ýogy 1 minut 45 sekunt gerek boldy. Operatiw ýatdan ýükleme tizligi hem täze modelde has çalt amala aşyryldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......