Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady

  • 26.02.2020 13:35
  • 14k+

25-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradowyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýanyň döremek — täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde ýaýramak howpunyň çaklanylýandygy bilen baglylykda, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňledi.
Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu howply ýokanç keseliň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler baradaky hasabatlar diňlenildi hem-de bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite meýilnama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek babatda maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny, degişli düzümleriň döredilendigini, ýagdaýlaryň yzygiderli seljerilýändigini hem-de degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.
Howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli gözegçilik hem-de daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýuldy. Şeýle hem epidemiologik ýagdaý durnuklaşýança, bu keseliň ýaýran döwletlerine, gulluk zerurlygyndan başga halatlarda, türkmenistanlylaryň gitmekleri çäklendirildi. Şol ýurtlaryň raýatlarynyň Türkmenistana gelmegi bilen baglylykda gözegçilik güýçlendirildi.
Türkmenistanyň Halkara howa menzillerinde, ähli döwlet serhet geçelgelerinde, deňiz, awtomobil hem-de demir ýollarynda arassaçylyk-karantin nokatlarynyň we bölümleriniň gije-gündiz nobatçylygy dowam edýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu ýerlerde döwrebap tehniki we anyklaýyş enjamlarynyň kömegi arkaly lukmançylyk gözegçiligi geçirilýär.
Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary tarapyndan karantiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilýär. Welaýat, etrap we şäher saglygy goraýyş edaralarynda zyýansyzlandyryjy, antiseptiki we derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gory döredildi hem-de lukmanlar şahsy gorag eşikleri bilen üpjün edildi.
Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň getirilmegine gözegçilik işleri güýçlendirildi.
Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maksadalaýyk öňüni alyş çäreleri görüldi. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýokarda agzalan ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen görülýän çärelere gözegçilik etmek we seljermek boýunça işler alnyp barylýar.
Ulaglaryň ähli görnüşlerinde, gümrük nokatlarynda degişli hemişelik gözegçilik üpjün edildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şolarda ýükleri barlamak, ulag serişdeleriniň zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça çäreler güýçlendirildi. Daşary ýurtlardan gelýän raýatlar lukmançylyk barlagyndan geçýärler. Epidemiologik gözegçiligi amala aşyrylýan nokatlardan barlaghana nusgalary alnyp barlanylýar.
Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi hem-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýokanç keselleri anyklamak üçin zerur bolan reaktiwler, sarp ediş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.
Möwsümleýin dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek dowam edýär. Aşgabat şäher, welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň epidemiologik ýagdaýlar baradaky maglumatlary jemlenilip, gündelik hasabatlar düzülýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlary yzygiderli öwrenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňüni alyş maslahatlary çap edilýär, maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda degişli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Ministr öz hasabatynda koronawirus ýokanjy bilen bagly bu howply keseliň biziň ýurdumyzda bellige alynmandygyny habar berdi.

şu gün 06:33
329

Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi

Eli Lilly kompaniýasynyň Mounjaro derman serişdesi (tirzepatid) 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalarda we ýetginjeklerde netijeliligini görkezdi. Ol synaga gatnaşanlara ganyň düzümindäki şekeriň gözegçiligini gowulaşdyrmaga we beden agramynyň indeksini (BAI) azaltmaga kömek etdi diýip, Reuters habar berýär...

18.09.2025 13:42
4.9k+

ABŞ-da böwrekdäki daşy aýyrmak bejergisinde ilkinji gezek robotlaşdyrylan Focalist  ulgamyny ulandylar

Lukmançylyk tehnologiýalary pudagynda işleýän Mendaera kompaniýasy robotlaşdyrylan göçme Focalist ulgamyny ulanyp, dünýädäki ilkinji operasiýanyň geçirilendigini yglan etdi. Mayo Clinic Arizona-nyň urology Karen Stern ony böwrekdäki uly daşlary bejermegiň adaty görnüşi bolan howply nefrolitotomiýa (PCNL) wagtynda ulandy...

15.09.2025 10:38
4.2k+

Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar

Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler...

15.09.2025 10:34
5.5k+

Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler

Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar...