«Oskara» hödürlenen filmlere döredilen iň meşhur treýlerler atlandyryldy

  • 09.02.2020 22:30
  • 3.8k+

«Google» kompaniýasy şu ýylda «Oskar» baýragyna hödürlenilen filmlere döredilen iň meşhur treýlerleriň reýtingini hödürledi. Sanaw resmi wideolara tutuş dünýä boýunça YouTube-da edilen tomaşanyň möçberi esasynda düzüldi. Bu barada Ria Nowosti agentligi habar berýär.
Birinji orunda Todda Filipsiň «Joker» psihologik trillerine döredilen rolik ýerleşdi. Artur Flek (Hoakin Feniks) — Gotem şäheriniň ýaşaýjysy. Ol psihiatryň gözegçiliginde bolýar we wäşi bolmagy arzuw edýär. Ýöne oňa üns bermeýärler. Üns beräýenlerinde-de, onuň üstünden gülüp başlaýarlar. Ýöne hiç kim onuň gaharly wagtynda nämä ukyplydygy barada pikir etmeýär.
Görlen sany boýunça ikinji orny baş rollarda Leonardo Di Kaprio, Bred Pitt we Margo Robbi çykyş edýän Kwentin Tarantinonyň «Bir gezek ... Golliwudda» komediýa dramasyna döredilen wideo eýeledi.
Waka 1960-njy ýyllaryň ahyrynda Los-Anjelesde bolup geçýär. Bir roly ýerine ýetiren aktýor Rik Dalton öz dublýory Kliff But bilen kino dünýäsinde galmakçy bolýar. Soň ol goňşy bolup gelen belli režissýor Roman Polanski we onuň aýaly Şeron Teýt bilen tanyşýar.
Üçünji orny Sem Mendesiň Birinji jahan urşunyň epizodlarynyň biri baradaky «1917» uruş dramasynyň treýleri eýeledi.
Dördünji orunda Ýohannes atly utanjaň oglanyň hyýalyndaky Adolf Gitler bilen dostlugy barada gidýän «Towşanjyk Jojo » komediýa-drama filminiň roligi ýerleşdi.
Bäşinji orunda «Parazitler» Günorta Koreýa lentasynyň wideosy.
1966-njy ýylda Le-Mann ýaryşynyň real taryhy esasynda döredilen «Ford Ferrarä garşy» kartinasynyň treýleri altynjy orny eýeledi. Luiz Meý Olkottyň «Kiçi zenanlar» romanynyň ekranlaşdyrylmagyna döredilen wideo ýedinji orna mynasyp boldy. Kartinada Täze Angliýada Raýatlyk urşy wagtynda dört sany gyz doganyň ösüp ýetişiş taryhy gürrüň berilýär.
Sekizinji orunda baş rollary Robert De Niro, Al Paçino we Jo Peşi ýerine ýetiren Martin Skorseziň «Irlandiýaly» kriminal dramasynyň treýleri ýerleşdirildi.
Baş rollarda Adam Draýwer we Skarlett Ýohansson bolan «Nika taryhy» dramasynyň roligi dokuzynjy orny eýeledi.

04.03.2026 15:33
1.6k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.1k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...

27.02.2026 11:50
6.6k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...

26.02.2026 05:32
2.9k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...