Toyota we Panasonic elektromobiller üçin akkumulýatorlaryň önümçiligine başlarlar

  • 06.02.2020 17:03
  • 3.1k+

Toyota we Panasonic bilelikde Prime Planet Energy & Solutions Inc. kärhanasyny döredýändikleri barada habar berdiler. Kärhana elektromobiller üçin akkumulýatorlary çykarmak bilen meşgullanar. Ol 1-nji aprelde işe girişer. Bu barada ixbt.com saýty habar berýär.
Toyota kompaniýada 51%-i, Panasonic 49%-i eýelär. Täze kärhana akkumulýatorlary diňe Toyota üçin taýýarlaman, eýsem, beýleki awtoöndürijiler üçin hem taýýarlar. Kompaniýanyň işgärleriniň tas ýarysy (5100-den 2400-si) Hytaýda ýerleşdiriler.
Häzir Panasonic akkumulýatorlary Toyota we Tesla kompaniýalary üçin öndürýär. Batareýler bolsa ABŞ-da we Ýaponiýada taýýarlanylýar. Mundan başga-da, Panasonic Tesla kompaniýasy bilen bilelikde Gün batareýalarynyň we modullarynyň önümçiligini artdyrmak bilen meşgullanýar. 2018-nji ýylda kompaniýa Teslanyň önümçiligindäki bökdençlik zerarly akkumulýatorlaryň ýetmezçiligi barada habar berdi.
Toyota we Panasonic kompaniýalary bilelikde kärhanany döretmek baradaky şertnama 2019-njy ýylyň ýanwarynda gol çekipdiler.

düýn 12:59
1.5k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...

düýn 12:47
1.3k+

Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy...

düýn 12:33
4.1k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...

düýn 10:46
4.3k+

Hyundai 80-nji ýyllaryň äheňinde düýpgöter täze “burçly” Sonata taýýarlaýar

Modeliň önümçiliginiň bes edilmegi baradaky myş-myşlara garamazdan, Hyundai kompaniýasy Sonata sedanynyň dokuzynjy nesliniň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Kompaniýa awtoulagy öz hatarynda saklap galmak, ýöne onuň konsepsiýasyny düýpli täzelemek kararyna geldi...